iPhone 16 Pro Max-yň berkligini barlap gördüler

  • 24.09.2024 11:06
  • 12k+

Täze çykan gymmat smartfonlary "ýowuz" synaglara sezewar etmek bilen belli bolan YouTube blogeri JerryRigEverything täze iPhone 16 Pro Max-yň berkligini barlamak üçin däp bolan synaglary geçirdi hem-de iPhone-yň gurluşynyň güýçli we ejiz ýerlerini açyp görkezdi.

Korpusy urga çydamly bolsa-da, netijeler sapfir çüýşesinden ýasalan kamerany dolandyryş düwmesiniň aslynda Moos şkalasy boýunça 6 gatylygy bilen çyzylma durnuksyz material bilen örtülendigini görkezdi.
Şeýle-de bolsa, Apple ekrany goramak üçin  ýörite aýna ulanýar, aýna sapfirden pes bolsa-da, adaty aýna bilen deňeşdirilende, çyzylma  durnuklydyr.
iPhone 16 Pro Max-yň ekranynyň gorag aýnasy gatylygy 6 dereje bolan materiallar bilen çyzylýar, ýöne çyzygyň çuňlugy beýleki smartfonlaryň köpüsinden ep-esli azdy.
Täze önümiň titan garyndysyndan ýasalan korpusy deformasiýa we egrelmeklige ýokary durnuklylyk görkezdi. Smartfonyň ekrany görnüp duran zyýan ýetmezden, zažigalkanyň oduna çydamlydygyny görkezdi.
Şeýle hem smartfon haýsy tarapyndan bassaňam - öň paneldenmi ýa-da arka tarapdan - egrelmeýän bolup çykdy.
JerryRigEverything geljekde şeýle ýokary durnuklylygyň sebäplerini anyklamak üçin smartfony sökmekçidigini aýtdy.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...