Norris “Formula-1-iň” Singapuryň Gran-prisi tapgyrynyň ýeňijisi boldy

  • 23.09.2024 19:08
  • 2.3k+

“Maklareniň” britaniýaly sürüjisi Lando Norris häzirki “Formula-1” möwsüminde üçünji ýeňşini gazandy. Ol çempionatyň 18-nji tapgyry bolan Singapuryň Gran-prisinde ýeňiji boldy.

Birinji orundan badalga alan Norris Singapuryň ýaryş ýoly boýunça 62 aýlawyň netijesinde öňdebaryjylygy saklamagy başardy.
Ikinji orny “Formula-1-iň” häzirki çempiony Maks Werstappen (“Red Bull”) eýeledi, ol häzirki möwsümde ýeňişsiz tapgyryny sekiz tapgyra çenli uzaltdy. Üçünji bolup pellehana Norrisiň topardaşy awstraliýaly Oskar Piastri geldi.
Ilkinji onluk doly görnüşde şeýle: 1. Norris; 2. Werstappen, +20,945 sekunt; 3. Piastri, +41,823; 4. Jorj Rassell (Beýik Britaniýa, “Mersedes”), +1.01,040; 5. Şarl Lekler (Monako, “Ferrari”), +1.02,430; 6. Lýuis Hemilton (Beýik Britaniýa, “Mersedes”), +1.25,248; 7. Karlos Saýns (Ispaniýa, “Ferrari”), +1.36,039; 8. Fernando Alonso (Ispaniýa, “Aston Martin”); 9. Niko Hýulkenberg (Germaniýa, “Haas”); 10. Serhio Peres (Meksika, “Red Bull”) – galan ählisi bir aýlaw yza galdy.
Ýaryşda iň gowy aýlaw üçin bonus utugyny netijede 18-nji orny eýelän RB-den Daniel Rikkýardo aldy.


23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

05.05.2026 15:03
4.4k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....

04.05.2026 14:40
2k+

Antonelli yzygider üçünji gezek «Formula-1-iň» Gran-pri tapgyrynda ýeňiş gazandy

«Mercedes» toparynyň sürüjisi Andrea Kimi Antonelli Maýaminiň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy — bu onuň «Formula-1-iň» häzirki möwsüminde yzygider üçünji ýeňşidir....

25.04.2026 15:19
1.5k+

Formula-1 toparlarynyň gymmatlyk reýtingi çap edildi: Ferrari 7 milliard dollar bilen öňde barýar

Soňky birnäçe ýylyň dowamynda Formula-1 toparlarynyň gymmaty birden ýokarlanmagyny dowam etdirýär we indi her bir toparyň bahasy azyndan 1 milliard dollara ýetdi. Bu baradaky maglumatlar «PlanetF1» neşiri......