Türkmenistanyň zenanlar we erkekler ýygyndy toparlary Bütindünýä küşt olimpiadasynda kiçi altyn medallary aldylar

  • 23.09.2024 19:00
  • 12k+

Türkmenistanyň zenanlar we erkekler milli ýygyndy topary Budapeştde (Wengriýada) tamamlanan 45-nji Bütindünýä küşt olimpiadasynda öz kategoriýalarynda ýeňiji boldular. Erkek türgenler mümkin bolan 22 utukdan 15 utuk bilen “B” kategoriýasynda, zenan türgenler bolsa 14 utuk bilen “C” kategoriýasynda ýeňdiler diýip, ORIENT agentligi habar berýär.

Umumy ýaryş hasaplamada erkekler topary 188 toparlaryň arasynda 24-nji ýere mynasyp boldular, zenanlar bolsa 169 toparyň içinde 32-nji ýere eýe boldular. Bu netijeler bütindünýä küşt olimpiadalaryna gatnaşmagyň taryhynda milli toparymyzyň görkezen iň ýokary netijesidir.

Erkekler topary Eýran, Wýetnam, Bolgariýa, Gazagystan, Şwesiýa, Awstriýa ýaly tanymal küşt ýygyndy toparlaryndan öňe geçmegi başardy. Ýaş gyzlarymyz bolsa Italiýa, Awstraliýa, Eýran, Çehiýa, Sloweniýa, Belgiýa, Norwegiýa ýaly ýygyndy toparlaryndan üstün çykmagy başardy.
Halkara derejeli ussat türgen Saparmyrat Atabaýew (1-nji tagta), tejribeli halkara grossmeýster Meýlis Annaberdiýew, Olimpiada ilkinji gezek gatnaşýan türgenler Amanmuhammet Hommadow (3-nji tagta), Allaýar Şirliýew (4-nji tagta), Wepaly Halynyýazow (5-nji tagta) ýaly türgenler Türkmenistanyň abraýyny goradylar.

Aýal-gyzlaryň arasynda diňe 18 ýaşly Lala Şohradowanyň (1-nji tagta) olipmiadalara gatnaşmak tejribesi bardy. Muňa garamazdan, toparyň beýleki agzalary Merýem Agajanowa 92-nji tagta), Leýla Şöhradowa (3-nji tagta), Jahan Rejepowa (4-nji tagta) we Eneş Arazmedowa (5-nji ätiýaç tagta) ähli tagallalaryny edip, ýokary ruhy häsiýetlerini we gujurlylygyny görkezmegi başardylar.


18.06.2026 14:40
4.3k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

11.06.2026 08:03
3.4k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....

03.06.2026 17:49
4.3k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......