2024-nji ýylda dünýäniň elektromobil bazary 22% ösüp biler

  • 22.09.2024 22:41
  • 3.4k+

EY Global Mobility Consumer Index kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, dünýäniň gibridleri hem öz içine alýan elektromobil bazary 2024-nji ýylda, takmynan, 22% ýokarlanar. 2025-nji ýylda ýene 23% ösüşe garaşylýar diýip, “Interfaks” habar berýär.

2023-nji ýylda elektromobil bazary 29,7%, 2022-nji ýylda 37% ösdi. 2024-nji ýylda doly elektrik awtomobilleriň (BEV) satuwy 2022-nji ýyldaky 7,4 mln birlige garşy 11,2 mln birlik bolar diýlip çaklanylýar.
Şeýle-de, gözleg elektromobil satyn almaga bolan gyzyklanmanyň ýokarydygyny görkezdi. Geçen ýylky 55% bilen deňeşdirilende, sorag edilenleriň 58%-i şu ýyl BEV ýa-da gibrid satyn almagy meýilleşdirýär.
Şonuň bilen birlikde, gözleg sarp edijileriň isleginde üýtgeşmeleriň bolandygyny ýüze çykardy. ABŞ-da awtoulag satyn almak isleýänleriň paýy 60%-den 50%-e, şol sanda elektromobil satyn almak isleýänleriň paýy 48%-den 34%-e çenli azaldy.
Şol bir wagtyň özünde, aýratynam, Hytaýdan daşary hytaý elektromobilleriniň meşhurlygy artýar. Ýewropanyň elektromobil bazarynda olaryň paýy 2019-njy ýyldaky 0,4%-den 2023-nji ýylda 8%-e çenli ýokarlandy. Hytaý brendleriniň özüne çekijiliginiň esasy şerti olaryň baha we hil gatnaşygy boldy.
EY-nyň pikir soraşmasy 2024-nji ýylyň iýun – iýul aýlarynda 28 ýurtdan 19 müň sarp edijiniň arasynda geçirildi.


29.05.2026 23:38
3.5k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.7k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.8k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......

22.05.2026 10:06
6.7k+

Uçýan «Alef» elektromobili eýýäm 1000-den gowrak synag uçuşyny amala aşyrdy

Amerikanyň Alef Aeronautics startap kompaniýasy özüniň uçýan «Model A» atly elektromobiliniň 1000-den gowrak synag uçuşyny üstünlikli tamamlandygyny mälim etdi. Kompaniýa indiki ýyl taýýar ulaglary ilkinji......