Apple käbir iPad Pro M4-lerdäki näsazlyklar sebäpli iPadOS 18 täzelenmesini ýatyrdy

  • 22.09.2024 11:57
  • 2k+

Apple ulanyjylaryň nägilelikleri sebäpli SoC M4 esasly iPad Pro üçin ýaňy-ýakynda çykan iPadOS 18 täzelenmesini yzyna gaýtarmaga mejbur boldy diýip, Macrumors habar berýär.

Geçen hepdäniň başynda iOS 18 bilen bilelikde çykan iPadOS 18 täzelenmesi başda oňyn teswirleri aldy, ýöne garaşylmadyk ýagdaýda birnäçe iPad Pro M4 enjamlarynda näsazlyk döredi. Täzelenme gurnalanda, ejamlar açylmagyny bes edip, işlemän başladylar. Käbir ulanyjylar bolsa, iPadOS 17.7-den 18-nji wersiýasyna täzelenenden soň şeýle bökdençlik bilen garşylaşdylar.
Netijede, Apple bu modeller üçin täzelenmäni wagtlaýynça ýatyrdy we ulanyjylara ulgamyň öňki wersiýasy iPadOS 17-ä geçmeklerini maslahat berdi.
Apple: "Az sanly enjamlara täsir edýän meseläni çözmek üçin M4 iPad Pro modelleriniň iPadOS 18 täzelenmesini wagtlaýyn aýyrdyk".


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...