iPhone 16 smartfonlarynyň global satuwy başlady

  • 21.09.2024 16:15
  • 8.4k+

20-nji sentýabrda Apple ABŞ, Hytaý, Hindistan, Awstraliýa we Günorta Koreýa ýaly tas 60 ýurtda iPhone 16 smartfonlarynyň global satuwyna başlady. Bu barada Bloomberg-iň analitigi Mark Gurman ýazýar.

Birnäçe uly şäherlerde, şol sanda Hindistanyň Mumbaý we Deli şäherlerinde satuwlar firma dükanlarynyň öňünde uly nobatlar bilen başlady.
Gurluş heniz esasy funksiýasyz – 2024-nji ýylyň iýun aýynda anons edilen Apple Intelligence emeli aň funksiýalary bolmazdan çykdy. EA gurallarynyň oktýabr aýynda iOS 18.1 bilen birlikde elýeterli bolmagyna garaşylýar.


Apple Intelligence onlaýn aragatnaşyk, tekstler bilen işlemek we özboluşly emojileri döretmek üçin funksiýalary öz içine alar. Satuwyň bu tehnologiýasyz başlanmagy tankyda getirdi, çünki köp alyjylar bu funksiýalaryň peýda bolmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşypdy. Häzirlikçe iPhone 16-da esasy täzelik fokusy we ekspozisiýany sazlamaga mümkinçilik berýän Camera Control düwmesidir.
Wagtlaýyn kynçylyklara garamazdan, Uoll-strit analikleri, aýratynam, geljekki roždestwo döwründe, iPhone-da täze anons edilen funksiýalar peýda bolansoň, satuwyň ýokarlanjakdygyna ynanýarlar. Şeýlelikde, 2024-nji ýylyň soňky çärýeginde kompaniýanyň girdejisiniň 8% artmagyna garaşylýar.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...