Xiaomi 2024-nji ýylyň awgust aýynda smartfon satuwy boýunça Apple-den öňe geçdi

  • 21.09.2024 13:13
  • 3.5k+

Xiaomi kompaniýasy 2024-nji ýylyň awgust aýynda global smartfon satuwy boýunça Apple-den öňe geçip, ikinji orny eýeledi. Bu 2021-nji ýyldan bäri ilkinji şeýle üstünlikdir.

Counterpoint kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, awgust aýy üçin häsiýetli bolan satuwyň umumy pese gaçyşy döwründe Xiaomi, aýratynam, Latyn Amerikasyndaky satuw çäreleriniň netijesinde ösüş gazanmagy başardy.
Onuň bu üstünligi täze önüm strategiýasy we Hindistan hem Günorta-Gündogar Aziýa ýaly esasy bazarlarda ornuny berkitmegi bilen baglanyşdyrylýar. Kompaniýa dürli baha segmentlerinde flagman gurluşlaryny çykarmaga ünsi jemledi, bu hem oňa diňe bir başlangyç we orta segmentlerde däl, eýsem premium segmentinde-de öz ornuny berkitmäge mümkinçilik berdi. Islegiň ösmeginde Redmi 13 we Note 13 ýaly 200 dollara çenli baha aralygynda gymmat bolmadyk modeller möhüm rol oýnady.

“Şu ýyl Xiaomi bir segmentde birnäçe gurluş çykarmagyň deregine her baha segmentinde belli bir flagman modelini döretmäge ünsi jemläp, has çeýe önüm strategiýasyny kabul etdi. Mundan başga-da, kompaniýa täze bazarlara çykmagyny dowam etdirmek we bar bolan bazarlarda ornuny berkitmek bilen, satuw we marketing tagallalaryny has işjeňleşdirdi” – diýip, kompaniýanyň gözlegler boýunça müdiri Tarun Pathak belledi.

Awgust aýynda Apple-iň satuwynyň peselmegi sentýabr aýynda täze iPhone modelleriniň çykmagyna garaşylmagy bilen baglanyşyklydyr. Kompaniýa iPhone 16-nyň relizinden soň ýene öňe çykyp biler.


düýn 09:37
3.5k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

17.05.2026 09:49
2.2k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

14.05.2026 12:04
2.7k+

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....

09.05.2026 16:36
3.8k+

Samsung Hytaýda hojalyk tehnikalarynyň satuwyny doly bes edýär

Samsung kompaniýasy Hytaýyň materik böleginde ähli hojalyk tehnikalarynyň, şol sanda telewizorlaryň we monitorlaryň satuwyny bes edýändigini resmi taýdan yglan etdi....