ChatGPT birinji bolup “dillendi”: OpenAI näsazlygy düzetdi, ýöne çekişmeler dowam edýär

  • 20.09.2024 09:12
  • 2.2k+

OpenAI kompaniýasy ChatGPT-niň ulanyjy bilen söhbetdeşlige başlamagyna sebäp bolan näsazlygyň aradan aýrylandygyny habar berdi diýip, 3DNews belleýär.

Waka Reddit sosial ulgamynda uly seslenme döretdi, bu ýerde çat-botuň söhbetdeşlige öňürdip başlamagy we garaşylmadyk soraglary bermegi ulanyjylaryň ünsüni özüne çekdi.
Ulanyjylaryň biri ChatGPT-niň ilki soragy bermezden şahsy işler barada soraýandygyny görkezýän ekran suratyny ýerleşdirdi. “Seniň ýokary mekdepde birinji hepdäň nähili geçdi? Sen gowy öwrenişdiňmi?” diýip, neýroulgam gyzyklanýar. Geň galan ulanyjy şeýle jogap berýär: “Sen maňa birinji bolup ýazdyňmy?” ChatGPT tassyklaýar: “Hawa, men şeýle etdim! Men seniň ýokary mekdepde birinji hepdäň nähili geçendigini bilmek isledim. Eger sen gürrüňdeşligi özüň başlamagy makul bilýän bolsaň, meni habardar et!”.
Bu waka OpenAI-yň gatnaşygy ýokarlandyrmak üçin täze funksiýany synagdan geçirýändigi ýa-da ýokdugy bilen bagly jedele getirdi. Käbirleri munuň kompaniýanyň “adamlarça” pikirlenmäge ukyply täze emeli aň modelleri bilen baglanyşykly bolup biljekdigini çakladylar.
OpenAI ýagdaýa derrew seslenip, näsazlygyň bardygyny boýun aldy: “Haçan-da emeli aň dogry iberilmedik we boş görnen habara jogap bermäge synanyşanda näsazlyk ýüze çykdy. Netijede, ol ýa-ha umumy jogap berdi, ýa-da öz ýadyna daýandy” – diýip, kompaniýa belledi. Kompaniýa bu näsazlygyň aradan aýrylandygyny we indi gaýtalanmajakdygyny aýtdy.
Muňa garamazdan, internetde çekişmeler dowam edýär. Käbir ulanyjylar ekran suratynyň hakykylygyna ynanýar, beýlekiler bu ýerde galplygy görýärler. Islendik ýagdaýda-da, waka ösen EA modellerini işläp taýýarlamagyň we synagdan geçirmegiň kyndygyny görkezýär. OpenAI-yň dessin seslenendigine we näsazlyklary düzedendigine garamazdan, ýagdaý adam bilen emeli aňyň arasyndaky gatnaşyklaryň serhetleri baradaky meseläni gozgady. Şeýle ýagdaýlar EA ulgamlaryny ulanmakda howpsuzlygy we ahlaklylygy üpjün etmek üçin, olara köpçülikleýin girizmezden ozal doly gözegçilik etmegiň we baha bermegiň zerurdygyny görkezýär.


05.05.2026 05:26
3.1k+

Emeli aň çagalardaky üns ýetmezçiligi we aşa hereketjeňlik sindromyny has irki tapgyrlarda anyklamagy öwrendi

Alymlar emeli aňyň çagalarda üns ýetmezçiligi we artykmaç hereketjeňlik sindromynyň (ÜÝAHS) alamatlaryny, heniz resmi diagnoz goýulmazyndan birnäçe ýyl öň anyklap bilýändigini subut etdiler....

18.04.2026 12:23
4.2k+

Meýn uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny gadagan eden ilkinji ABŞ ştaty bolar

Meýn 2027-nji ýylyň noýabryna çenli 20 megawat we ondan-da köp energiýa sarp edýän täze uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny togtadan ilkinji ABŞ ştaty bolmagy meýilleşdirýär. Kanun taslamasy elektrik......

07.03.2026 17:10
965

OpenAI GPT-5.4-i tanyşdyrdy: Kontekst penjiresi bir million tokene çenli giňeldildi

OpenAI kompaniýasy özüniň täze GPT-5.4 dil modelini tanyşdyrdy. Işläp düzüjiler çylşyrymly meseleleri çözmäge, programirlemäge we dürli gurallar bilen işlemäge has uly üns berip, emeli aň ulgamlarynyň hataryny ösdürmegi dowam edýärler...

06.03.2026 12:05
2.7k+

GPT-5.4-de adatdan daşary pikirleniş režimi peýda bolar

GPT-5.4 modelinde çylşyrymly soraglary işlemek üçin ýörite režimiň peýda bolmagy mümkin. Bu barada "The Information" neşiri habar berýär. Çeşmäniň berýän maglumatyna görä, şeýle tertipde model çylşyrymly logikany we jikme-jik seljermäni talap edýän meseleleri çözmek üçin has köp wagt we hasaplama serişdelerini ulanar...