Ýaponiýada uzak ýaşaýan adamlaryň sany rekord derejä - 95 müňe ýetdi

  • 20.09.2024 09:06
  • 6.1k+

Ýaponiýanyň Saglygy goraýyş, zähmet we abadançylyk ministrliginiň maglumatlaryna görä, 100 ýaşly we ondan uly ýaşly ýaşaýjylaryň sany rekord 95 119 adama ýetdi. Bu görkeziji 54 ýyl bäri ýokarlanýar diýip, Kyodo agentligi habar berýär.

2024-nji ýylyň 15-nji sentýabryna çenli ýagdaýa görä, uzak ömür sürýän adamlaryň sany geçen ýyl bilen deňeşdirilende 2 980 adam köpeldi. Aýallar 83 958 adama barabar bolup, bu umumy sanyň 88,3%-ine deňdir. Uzak ýaşaýan erkekleriň sany 11 161-e ýetýär.
Iň garry erkek adam Sidzuoka prefekturasyndan 110 ýaşly Kiýotaka Midzuno boldy, diňe bir ýurtda däl, eýsem bütin dünýäde iň garry aýal bolsa Hiogo prefekturasynda ýaşaýan 116 ýaşly Tomiko Itookadyr.
Ýaponiýada ortaça ömür dowamlylygy hem ýokarlandy: ol aýallar üçin 87,14 ýyl, erkekler üçin 81,09 ýyl. Bu soňky üç ýylda ilkinji ýokarlanmadyr we ol COVID-19 pandemiýasynyň täsirleriniň gowşamagy bilen baglanyşdyrylýar.
Statistika 1963-nji ýylda ýygnalyp başlandy, şol wagt uzak ýaşaýanlaryň sany bary-ýogy 153 adama barabardy. 1981-nji ýylda görkeziji 1 000 adamdan geçdi, 1998-nji ýyla çenli bolsa 10 000-e ýetdi.


18.06.2026 22:13
4.7k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

04.06.2026 11:45
2.4k+

Ýaponiýada ýitip giten kekeçli ibisler gaýtadan ýetişdirilip, ýabany tebigata goýberildi

Ýaponiýada soňky onlarça ýylyň dowamynda ilkinji gezek, ozal bu sebitde doly ýitip giden kekeçli ibis guşlarynyň sekizisi ýabany tebigata goýberildi. Dabaraly çäre Hakui şäherinde geçirildi. Bu guşlaryň iň......

28.05.2026 17:06
4.4k+

Ýaponiýa we Gazagystandaky BMGÖM Kaspi deňzi üçin 3 million dollar sarp edýär

Ýaponiýanyň Hökümeti we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Gazagystanda Kaspi deňziniň suwunyň derejesiniň peselmegine garşy çärelere gönükdirilen 3 million dollar gymmatyndaky täze taslama badalga berýärler....

27.05.2026 10:18
9k+

Ýaponiýada 1200 ýyllap ýanyp duran «Ebedi ot» ybadathanasyny ot aldy

Ýaponiýanyň Miýadzima adasynda ýüze çykan uly ýangyn netijesinde 806-njy ýyldan bäri (1200 ýyldan gowrak wagt) dowamly ýanyp duran ebedi ody öz içinde saklaýan meşhur «Reýkado» ybadathanasy doly ýanyp, kül......