"Roma" möwsümi gowşak başlandygy sebäpli De Rossini baş tälimçi wezipesinden boşatdy

  • 19.09.2024 21:36
  • 6.8k+

"Roma" futbol kluby Daniýele De Rossiniň toparyň baş tälimçisi wezipesinden boşadylandygyny resmi taýdan yglan etdi.

Bu karar möwsümiň başynda toparyň gowşak netijeleri bilen bagly kabul edildi. Dört oýundan soň, “Roma” A Seriýasynda bary-ýogy üç utuk bilen 16-njy ýerde ýerleşýär.

"Klubda hemişe özüni öýünde ýaly duýup biljek Daniýele soňky aýlarda höwes we yhlas bilen eden işleri üçin tüýs ýürekden sag bolsun aýdýarys" – diýip, beýanatda aýdylýar. Täze tälimçiniň ady entek yglan edilmedi.

41 ýaşly De Rossi “Romanyň” rowaýaty şahslaryndan biri hasaplanýar. Ol, soňky ýyly hasaba almanyňda, bütin karýerasyny häzirki kluby bilen geçirdi we 616 oýunda oýnap, şolarda 63 gol geçirdi we  60 netijeli pas berdi. Kluby üçin oýnan oýunlarynyň sany boýunça ol diňe Françesko Tottiden soň ikinji ýerde durýar.
De Rossi bilen “Roma” iki gezek Italiýanyň Kubogyny aldy we ýurduň Superkubogyna mynasyp boldy. 2009-njy ýylda De Rossi Italiýanyň iň gowy futbolçysy diýlip ykrar edildi.


düýn 23:07
2.8k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.7k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

24.05.2026 15:47
4.8k+

«Bawariýa» 21-nji gezek Germaniýanyň Kubogyny gazandy. Bu ýaryşyň rekordy

Germaniýanyň Kubogynyň «Bawariýa» we «Ştutgart» toparlarynyň arasynda geçirilen final duşuşygy tamamlandy. Bu oýunda Mýunheniň topary 3:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy....

24.05.2026 15:39
3.7k+

Maýkl Kerrik «Mançester Ýunaýtediň» baş tälimçisi wezipesine tassyklandy

«Mançester Ýunaýted» kluby Maýkl Kerrigiň toparyň baş tälimçisi wezipesine gutarnykly bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Ol mundan ozal bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde alyp barýardy....