Apple kompaniýasy iOS 18, macOS Sequoia we watchOS 11 operasion ulgamlaryny hödürledi

  • 18.09.2024 20:05
  • 3.9k+

Apple kompaniýasy öz operasion ulgamlarynyň täzelenmesini çykaryp, iOS 18, macOS Sequoia we watchOS 11 ulgamlaryny hödürledi. Bu wersiýalaryň hiç biri heniz gurnalan Apple Intelligence emeli aň funksiýalaryny almady, olaryň relizi iOS 18.1-iň çykmagy bilen birlikde oktýabr aýyna meýilleşdirilýär diýip, vc.ru habar berýär.

iOS 18

  • Öý ekrany: Ikonalaryň reňkini üýtgetmek, wijetleri islendik tertipde ýerleşdirmek we programmalary parol ýa-da Face ID bilen goramak arkaly täze öý ekranyny sazlamak mümkinçilikleri peýda boldy.
  • Dolandyryş punkty: Elýeterli funksiýalaryň toplumy täzelendi, ulanyjylar ikonalaryň ýerleşişini we ululygyny üýtgedip bilerler.
  • RCS goldawy: iMessage-a Android bilen RCS protokoly arkaly habarlar bilen alyşmak goldawy goşuldy. Ýöne Android-den gelen habarlar henizem ýaşyl köpürjiklerde görkezilýär.
  • “Foto” programmasy: Täze “Ýakyndaky günler”, “Adamlar we öý haýwanlar” we “Gezelençler” kolleksiýalary awtomatik peýda bolýar.
  • Safari: Saýtlarda aýry-aýry elementleri gizlemek üçin gural goşuldy.
  • Blokirleme ekrany: “Fonar” we “Kamera” düwmelerini indi başga buýruklar bilen çalşyp bolar.


macOS Sequoia

  • iPhone Mirroring: Bu funksiýa iPhone ekranyny Mac-da görkezmäge, programmalary işe girizmäge we smartfondan habarnamalary kabul etmäge mümkinçilik berýär.
  • “Plitka” režimi: Ulgam indi awtomatik usulda penjireleri toparlara bölmegiň wariantlaryny hödürleýär.
  • FaceTime: Wideo jaňlar wagty fony üýtgetmek mümkinçiligi peýda boldy.


watchOS 11

  • Apnoeni anyklamak: Watch Series 9, Series 10 we Watch Ultra 2 indi uky wagty apnoeni anyklap, maglumatlary lukmana iberip bilýär.
  • Vitals: Täze programma uky wagty saglyk ýagdaýy baradaky maglumatlary yzarlaýar.
  • Training Load: Funksiýa türgenleşik intensiwligini seljerýär we olary dürli döwürlerde deňeşdirýär.

16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...