«Altyn Asyr» şu gün AFK 2 Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynda çykyşlaryna başlaýar

  • 18.09.2024 13:17
  • 7.8k+

Şu gün Aşgabadyň "Altyn asyr" futbol kluby AFK 2 Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynda ilkinji duşuşygyny geçirer. Toparlaýyn tapgyryň birinji duşuşygynda Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleri myhmançylykda Bagdatdan "Al-Kuwa" yrak kluby bilen duşuşarlar.

B toparyň bu duşuşygy 23:00-da başlanar.
«Altyn asyr» saýlama tapgyrynda "Ist Bengal" hindi klubuny myhmançylykda 3:2 hasabynda ýeňip, AFK 2 Çempionlar ligasynda çykyş etmäge hukuk gazandy.
Ýatlatsak, Türkmenistanyň çempionatynyň geçen möwsüminde "Altyn asyr" kümüş medallary eýeledi.

Belläp geçsek, geçen möwsümiň çempiony "Arkadag" FK täze ýaryşda - AFK Çagyryş ligasynda çykyş eder. "Arkadag" klubunyň gatnaşmagynda B toparyň bu tapgyrynyň toparlaýyn duşuşyklary Kuweýtde merkezleşdirilen görnüşde oktýabryň ahyrynda we noýabryň başynda geçiriler.


düýn 20:02
5.2k+

«Ýyldyz bolup geldiň – rowaýata öwrülip gidýäň». Robert Lewandowski «Barselonadan» gidýär

Polşaly hüjümçi Robert Lewandowski şu möwsüm tamamlanandan soň, «Barselonany» terk etjekdigini mälim etdi....

düýn 11:22
5k+

Serhio Ramos «Sewilýa» klubunyň eýesi bolar

Ispaniýaly futbolçy Serhio Ramos Five Eleven Capital holdingi bilen bilelikde «Sewilýa» futbol klubuny satyn almak barada ylalaşyk gazandy....

15.05.2026 17:43
3.1k+

Ançelotti Braziliýanyň milli futbol ýygyndysy bilen şertnamany 2030-njy ýyla çenli uzaltdy

Italiýaly tälimçi Karlo Ançelotti Braziliýanyň futbol boýunça milli ýygyndysy bilen şertnamasyny 2030-njy ýyla çenli uzaltdy. Bu barada Braziliýanyň Futbol konfederasiýasynyň metbugat gullugy habar berýär....

15.05.2026 08:01
2.7k+

«Barselona» Flik bilen şertnamany 2028-nji ýyla çenli uzaltmak barada ylalaşdy

Ispaniýanyň «Barselona» futbol kluby bilen baş tälimçi Hans-Diter Flik zähmet şertnamasyny uzaltmak barada ylalaşyk gazandy. Insaýder Fabrisio Romanonyň berýän maglumatyna görä, täzelenen şertnama 2027/28......