Apple iPhone 16 Pro-nyň batareýalaryny çalyşmagyň bahasyny 20% gymmatlatdy

  • 18.09.2024 11:53
  • 6.2k+

Apple täze iPhone 16 Pro we iPhone 16 Pro Max flagmanlarynyň batareýalaryny çalyşmagyň bahasyny 20% gymmatlatdy.

Indi kompaniýanyň resmi hyzmatlarynda bu hyzmatyň bahasy 119 dollar bolup, batareýalary 99 dollara çalşylýan iPhone 15 Pro bilen deňeşdirilende, 20 dollar gymmatdyr. Muňa batareýanyň öz bahasy we hünärmeniň işi haky girýär.
Täzelik diňe Pro modellerine degişlidir. Adaty iPhone 16 we iPhone 16 Plus üçin hyzmatyň bahasy 99 dollar derejesinde galýar, bu bolsa öňki iPhone 15 we iPhone 14 modelleriniňkä gabat gelýär.
iPhone 14 çykmazdan ozal, iPhone 13-den başlap, ähli modeller üçin batareýany çalyşmagyň bahasy bary-ýogy 69 dollar durýardy. Şeýlelik bilen, soňky ýyllarda batareýany çalyşmagyň bahasy ikinji esse gymmatlady. MacRumors-yň berýän habaryna görä, çykdajylaryň ýokarlanmagy iPhone 16-daky batareýalaryň kuwwatynyň ýokarlanmagy we gyzmazlygy üçin içerki dizaýnynyň üýtgemegi bilen baglanyşyklydyr.
Mundan başga-da, käbir modellerde baha täsirini ýetirip biljek demir batareýa korpusynyň ulanylandygyny birtopar çeşmeler habar berýär.
Giňeldilen AppleCare+ kepilligi bolan iPhone 16 Pro-nyň eýeleriniň batareýany mugt çalşyp biljekdigi, ýöne onuň kuwwatynyň deslapkysyndan 80%  aşak düşen bolmalydygy bellenilýär.


düýn 16:33
2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...

09.03.2026 19:31
1.1k+

Apple Music EA tarapyndan döredilen aýdym-saza bellik girizmäge başlar

Apple Music hyzmaty emeli aň arkaly döredilen kontente bellik goýmaga başlar. Bu barada NME neşiri habar berýär. Täze düzgünlere görä, distribýutorlar saz, tekst, klip ýa-da obložka döredilende emeli aňyň ulanylandygyny ýa-da ulanylmandygyny görkezmeli bolarlar...

02.03.2026 22:21
5.1k+

Apple arzan bahaly iPhone 17e modelini tanyşdyrdy: satuw 11-nji martda başlar

Apple kompaniýasy özüniň elýeterli smartfon hatarynyň täze modelini — iPhone 17e smartfonyny hödürledi. Täze model öňki iPhone 16e modeliniň dizaýnyny we ekranyň ölçegini saklap galdy. Hususan-da, smartfonda öňküsi ýaly ýokarsy gönüburç «oýukly» ekran ulanylýar...

27.02.2026 19:22
1.3k+

App Store dükanynda ulanyjylaryň ýaşyny tassyklaýan täze ulgamlar işe girizildi

Beýleki köp sanly iri kompaniýalaryň mysalyna eýerip, Apple dürli döwletleriň we sebitleriň kanunçylyk talaplaryna laýyk gelmek maksady bilen App Store dükanynda ulanyjynyň ýaşyny barlaýan ýörite gurallary işe girizdi...