Apple ikinji güýzki tanyşdyrylyşyna taýýarlanýar: haýsy enjamlara garaşylýar

  • 17.09.2024 14:17
  • 3.4k+

Bloomberg-den žurnalist Mark Gurmanyň maglumatlaryna görä, Apple kompaniýasy “geljek birnäçe hepdede” ýene bir tanyşdyrylyş dabarasyny geçirer. Onda kompaniýanyň ýedi sany täze gurluş hödürlemegine garaşylýar:

  • M4 prosessorynda MacBook Pro 14 (J604);
  • M4 Pro-da MacBook Pro 14 we 16 (J614, J616);
  • M4-de iMac 24 (J623);
  • M4-de we M4 Pro-da Mac mini (J773);
  • 11-nji nesil iPad;
  • 7-nji nesil iPad mini.

Gurmanyň habar bermegine görä, bu gurluşlaryň köpüsi eýýäm önümçilige goýberildi we kompaniýanyň ammarlaryna eltilýär. Apple-iň ikinji güýzki tanyşdyrylyşynyň oktýabr aýynyň ahyrynda bolmagyna garaşylýar.
M4 prosessoryna esaslanýan täze MacBook Air-iň (J713, J715) 2025-nji ýylyň birinji çärýeginde, Mac Studio-nyň (J575) 2025-nji ýylyň ortasynda çykmagyna garaşylýar, täze Mac Pro bolsa (J704) 2025-nji ýylyň güýzünde çykar.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...