Manuel Noýer bilen Harri Keýn Bundesligada özboluşly rekord goýdular

  • 17.09.2024 12:00
  • 6.8k+

14-nji sentýabrda Bundesliganyň 4-nji tapgyrynda “Holştaýn” “Bawariýa” bilen duşuşdy. Oýun Mýunhen klubunyň 6:1 hasabynda ýeňmegi bilen tamamlandy.

Bu duşuşykda 38 ýaşly derwezeban we “Bawariýanyň” kapitany Manuel Noýer özboluşly rekord goýdy. “Holştaýn” Germaniýanyň ligasynda onuň ýeňen 37-nji topary boldy, bu ony Bundesliganyň taryhynda şeýle görkezijini gazanan ilkinji oýunçy etdi diýip, Bayern & Germany habar berýär.
Bu oýunda ýene bir rekordy “Bawariýanyň” hüjümçisi Harri Keýn goýdy. 31 ýaşly iňlis türgeni “gol+pas” ulgamy boýunça, ýaryşyň taryhynda beýlekilerden has çalt 50 utuk toplady. Muňa ýetmek üçin oňa 35 oýunda çykyş etmek gerek boldy. Şeýlelikde, ol 44 oýunda şeýle netijäni gazanan Erling Holandyň öňki gazananlaryndan öňde boldy diýip, OptaFranz habar berýär.
“Holştaýn” bilen oýunda Keýn het-trik geçirip, netijeli pas berdi.
Noýer 2011-nji ýylda “Şalke-04-den” kluba geçeni bäri “Bawariýanyň” düzüminde oýnaýar. Keýn topara 2023-nji ýylda goşuldy. Ondan öň 2011-nji ýyldan bäri “Tottenhemde” oýnapdy.
“Bawariýa” dört oýundan soň 9 utuk bilen Bundesligada birinji ýerde durýar. “Holştaýn” o utuk bilen iň soňky ýerde durýar.


şu gün 14:15
4.6k+

DÇ-2026-nyň 4-nji güni: Kýurasaonyň debýuty gorkuly düýşe meňzedi, ýewropalylar bolsa aziýalylardan yza galýarlar

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň dördünji oýun güni birbada iki sany iri hasaply ýeňlişi, soňky minutlarda dartgynly tomaşa öwrülen oýunlary we taryhy rekordlary getirdi....

düýn 15:15
11k+

Dünýä çempionatyndaky ilkinji oýnundan öň Angliýanyň milli ýygyndysynyň goşlary ogurlandy

Angliýanyň milli ýygyndysy ABŞ-da geçiriljek dünýä çempionatynyň başlanmagynyň öňüsyrasynda sport lybaslarynyň we enjamlarynyň ogurlanmagy bilen ýüzbe-ýüz boldy. Britaniýanyň «Daily Mail» gazetiniň ýazmagyna......

13.06.2026 17:07
12k+

Ertir Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrlaryndaky iň gyzykly oýny boljakdyr!

Ertir 23-nji gezek geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň gyzykly oýny bolar. Gürrüň Braziliýa bilen Marokkanyň arasynda geçiriljek duşuşyk hakynda barýar. Geliň, bu netijäni......

13.06.2026 16:24
7.4k+

DÇ-niň 2-nji gününiň jemleri: ilkinji deňlik, ilkinji awtogol we ilkinji uly hasaply ýeňiş

Futbol boýunça Dünýä çempionatynda ikinji oýun gününiň duşuşyklary tamamlandy. Janköýerler bu gezek turniriň ilkinji deňme-deň netijesini, ilkinji awtogola we toparlaryň biriniň uly hasaply ýeňşine şaýat......