Amerikaly zenan 108 günde welosipedde dünýä syýahat etmek boýunça rekord goýdy

  • 17.09.2024 10:50
  • 7.6k+

38 ýaşly amerikaly welosipedçi Lael Uilkoks 108 gün 12 sagat 12 minutda welosipedde dünýä syýahatyny tamamlap, zenanlaryň arasynda täze dünýä rekordyny goýdy. Bu barada BBC habar berýär.

Bu döwürde Uilkoks 29 169 km aralygy geçdi. Ol 28-nji maýda Çikagodan ugrap, 12-nji sentýabrda yzyna gaýdyp geldi. Welosipedçi dört yklymda 21 ýurduň üstünden geçdi.
Syýahat wagty Uilkoks her gün 12-14 sagady ýolda geçirip, günde 6-10 müň kaloriýa ýakdy. Indi onuň üstünligini Ginnesiň rekordlar kitabynda hasaba almak meýilleşdirilýär, çünki ol ähli talaplara laýyk gelýär:

  • welosipedde geçilen iň az aralyk – 28 970 km;
  • dünýä syýahatyny bir ýerde başlap, şol ýerde tamamlamaly;
  • syýahatyň dowamynda diňe bir ugra hereket etmeli;
  • welosipedçi tarapyndan geçilen ýol, şol sanda uçuşlar, şeýle-de deňiz we beýleki jemgyýetçilik ulaglarynda gezelençler 40 müň km – Ýeriň ekwatoryna deň bolmaly.

Öňki rekord 2018-nji ýylda 15 ýurduň üstünden geçen 44 ýaşly şotlandiýaly Jenni Greme degişlidir. Ol öz syýahatyna Berlinde başlady we Germaniýanyň paýtagtyna 124 gün 10 sagat 50 minutdan soň gaýdyp geldi.


şu gün 00:57
2.4k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

19.06.2026 19:53
2.2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

18.06.2026 22:32
4.5k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....