Täze iPhone 16 Pro Max-yň ilkinji toplumlary deslapky sargyt tapgyrynda satyp gutaryldy

  • 17.09.2024 10:29
  • 4.6k+

13-nji sentýabrda Apple täze iPhone 16 smartfonlary üçin deslapky sargytlary açdy. Satuw 20-nji sentýabrda başlaýar, ýöne eýýäm häzir iPhone 16 Pro Max ýaly iň meşhur modeller ýetmezçilik edýär diýip, 3Dnews ýazýar.

Iň köp isleg bildirilen model hem iPhone 16 Pro Max boldy – deslapky sargytlar başlandan birnäçe sagat soň ABŞ-da bu gurluşyň ähli wersiýalary satyn alnyp gutaryldy. Indi iPhone 16 Pro Max sargyt edilen ýagdaýynda, onuň gowuşmagy üçin oktýabr aýynyň ortasyna çenli garaşmaly bolar.
iPhone 16 Pro modeli hem uly islegden peýdalanýar. 128 GB ýat bilen gara reňkli wersiýany 20-nji sentýabrda eltip bermek hyzmaty bilen sargyt etmek bolýar, ýöne beýleki wersiýalaryň aglabasy indi sentýabr aýynyň ahyrynda ýa-da oktýabr aýynyň başynda elýeterli bolar. 512 GB ýygnaýjy ýatly modeller hem gara we ak reňklerde has meşhurdyr.
Adaty iPhone 16 we iPhone 16 Plus modelleri satuwa çykan güni eltip bermek hyzmaty bilen sargyt üçin elýeterli. Bu Apple-iň muşdaklarynyň Pro modelleri has makul bilýändiklerini ýene bir gezek nygtaýar. Analitikleriň çaklamalaryna görä, premium modeller umumy satuwyň 67%-ini üpjün eder.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...