Xiaomi täze Redmi Note 14 hataryny hem-de 14T we 14T Pro subflagmanlaryny yglan etdi

  • 16.09.2024 11:26
  • 7.5k+

Xiaomi täze Redmi Note 14 smartfonynyň ilkinji tizerini neşir etdi. Smartfonyň sentýabryň aýagynda resmi taýdan goýberilmegine garaşylýar. Modeliň içi kuwwatly bolar we kämilleşdirilen kameralary alar.

Kompaniýanyň iň üstünlikli tapgyrlarynyň biri bolan Redmi Note hatarynyň soňky on ýylda 420 milliondan gowrak nusgasy satyldy.
Syzylan maglumatlara görä, Redmi Note 14 üç wersiýada bolar.
Esasy model MediaTek Dimensity 6100+ prosessoryny, 1,5K durulykda AMOLED displeýini we 50 MP esasy kamerany alar.
Gizmochina-nyň berýän maglumatlaryna görä, Redmi Note 14 Pro wersiýasy has güýçli Snapdragon 7s Gen 3 çipi we üç kamera, şol sanda makro surata düşürijili teleobýektiw bilen üpjün ediler. Pro Plus-da egri AMOLED ekrany we MediaTek Dimensity 7350 prosessory bolar.
Ähli modeller kämilleşdirilen batareýalar we IP68 gorag bilen üpjün ediler.
Redmi Note 14-den başga-da, Xiaomi 14T we 14T Pro subflagmanlarynyň ýakyn wagtda satuwa çykaryljakdygyny mälim etdi. Olaryň ilkinji görkezilişi 26-njy sentýabrda bolar. 14T täzeleniş tizligi 144 Hz we 6,67 dýuým ekran hem-de Dimensity 8300 Ultra çipi, 12 GB RAM we 256 GB fleş ýady bilen üpjün ediler.
14T Pro Dimensity 9300+ prosessoryny, 12 GB RAM, 512 GB fleş ýady we simsiz zarýad bermek üçin goldaw alar.
14T Pro-yň esasy kamerasy Leica bilen bilelikde işlenip düzüldi we optiki durnuklaşdyryjyly we awtofokusly 50 megapiksel datçik bilen enjamlaşdyryldy. Ikinji kamera 2,6x optiki ýakynlaşdyrma bilen 50 megapikselli teleobýektiw, üçünjisi bolsa 120 dereje meýdany bolan 12 megapiksel ultra giň burçly sensor bilen hödürlendi. Öň tarapynda 32 MP selfi kamerasy gurlar.


06.02.2026 09:00
1.2k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.1k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...

16.01.2026 08:10
3.8k+

Xiaomi 17 Pro we Pro Max modelleriniň aktiwleşdirilen sany bir milliondan geçdi

Xiaomi-niň täze flagmanlary bolan Xiaomi 17 Pro we 17 Pro Max smartfonlarynyň her biriniň aktiwleşdiriliş sany bir millionlyk sepgitden ýokary geçdi. Bu barada hytaýly meşhur insaýder "Digital Chat Station" habar berdi...

10.01.2026 10:30
2.9k+

Xiaomi täze Redmi Note 15-iň berkligini göni ýaýlymda synagdan geçirer

Xiaomi kompaniýasy Redmi Note 15 smartfonynyň berkligini subut etmek üçin ony göni ýaýlymda ýörite synaglara sezewar eder. «Titan tough» (Titan berkligi) şygary astynda geçiriljek bu täsin görkeziliş 10-njy ýanwarda Aşgabat wagty bilen sagat 13:00-da X (ozalky Twitter) sosial torunda başlanar...