iOS 18 gurnalan iPhone-larda ogurlanan enjamlardan alnan bölekler bloklanar

  • 16.09.2024 10:41
  • 2.7k+

Apple ogurlanan ýa-da bikanun satyn alnan enjamlardan alnan detallary ulanmagy kynlaşdyrmak üçin iPhone-nyň abatlaýyş syýasatyny täzeleýär. iOS 18-de peýda boljak täzelik başga bir iPhone-dan alnyp goýlan batareýalary, kamera modullaryny we displeýleri bloklar. Bu barada 9to5Mac habar berýär.

iOS 18-de işleýän iPhone-lar ozal işjeňleşdirilen enjamlardan alnan bölekleri tanap biler. Şeýle detal oturdylsa, ekranda detalyň alnan enjamynyň Apple ID-siniň girişini we parolyny girizmegi talap edýän banner peýda bolar. Bu başga tapgyr belgisi bolan bölekleriň ulanylmagynyň öňüni alar.
Bu täzelik, köplenç, detallaryny almak üçin sökülýän we gara bazarda satylýan ogurlanan iPhone-laryň bazaryna garşy göreşmäge gönükdirilendir. Bölekleri işjeňleşdirmek üçin täze parolyň talap edilmegi bilen, Apple öz smartfonlaryny ogurlamagyň we sökmegiň manysyz boljakdygyna umyt baglaýar.
Öň diňe enjamlar babatynda ulanylýan bloklamak aýratynlygy indi ätiýaçlyk şaýlary babatda hem ulanylyp, olary oturtmak mümkinçiligini çäklendirer.  Bu täzelik müşderileriň we hukuk goraýjy edaralaryň haýyşy boýunça iPhone ogrulygynyň öňüni almak üçin girizildi.
Bölekleri bloklamak diňe iOS 18-de işleýän iPhone-lar üçin elýeterli bolar we iPhone XR/XS-den başlap, modellerde goldanar. Bu aýratynlyk iPadOS 18-de işleýän iPad-a degişli däldir.


düýn 16:33
1.9k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...

09.03.2026 19:31
1.1k+

Apple Music EA tarapyndan döredilen aýdym-saza bellik girizmäge başlar

Apple Music hyzmaty emeli aň arkaly döredilen kontente bellik goýmaga başlar. Bu barada NME neşiri habar berýär. Täze düzgünlere görä, distribýutorlar saz, tekst, klip ýa-da obložka döredilende emeli aňyň ulanylandygyny ýa-da ulanylmandygyny görkezmeli bolarlar...

02.03.2026 22:21
5.1k+

Apple arzan bahaly iPhone 17e modelini tanyşdyrdy: satuw 11-nji martda başlar

Apple kompaniýasy özüniň elýeterli smartfon hatarynyň täze modelini — iPhone 17e smartfonyny hödürledi. Täze model öňki iPhone 16e modeliniň dizaýnyny we ekranyň ölçegini saklap galdy. Hususan-da, smartfonda öňküsi ýaly ýokarsy gönüburç «oýukly» ekran ulanylýar...

27.02.2026 19:22
1.3k+

App Store dükanynda ulanyjylaryň ýaşyny tassyklaýan täze ulgamlar işe girizildi

Beýleki köp sanly iri kompaniýalaryň mysalyna eýerip, Apple dürli döwletleriň we sebitleriň kanunçylyk talaplaryna laýyk gelmek maksady bilen App Store dükanynda ulanyjynyň ýaşyny barlaýan ýörite gurallary işe girizdi...