Guwwaslar 1856-njy ýylda gark bolan meşhur fransuz gämisini tapdylar

  • 16.09.2024 10:22
  • 8.3k+

Amerikaly guwwaslar topary 1856-njy ýylda Atlantik ummanynda gark bolan fransuz Le Lyonnais gämisiniň galyndylaryny tapdy diýip, Phys.org ýazýar.

1855-nji ýylda gurlan we şol döwürde iň döwrebap hasaplanýan gämi Amerikanyň Adriatic ýelkenli gämisi bilen çaknyşmagyň netijesinde gark boldy. Gämi heläkçiliginde 114 adam heläk boldy.
Le Lyonnais gämisiniň gözleg işleri 20 ýyla golaý dowam etdi. Gäminiň galyndylary Massaçusets ştatynyň Nýu-Bedford şäherinden 200 km uzaklykda, Georges Bank diýlip atlandyrylýan sebitde tapyldy.
Le Lyonnais iňlis Laird & Sons gämi gurluşyk kompaniýasy tarapyndan Compagnie Franco-Americaine üçin guruldy. Ol ýolagçylary we poçtalary Atlantikanyň üstünden daşamak üçin ulanylýardy.
Heläkçilik 1856-njy ýylyň 2-nji noýabrynda, Le Lyonnais Nýu-Ýorkdan Gawra gaýdyp barýarka bolup geçdi. Adriatic-iň kapitany Jonatan Darem The New York Times gazetinde Le Lyonnais-yň dumanly gijede birden ugruny üýtgedendigini, bu bolsa çaknyşygy gutulgysyz edendigini habar beripdi.
Kapitanyň sözlerine görä, Adriatic ep-esli zyýan çekipdir, ýöne iki günden soň Massaçusets ştatynyň Gloster şäherine ýetip bilipdir. Emma Le Lyonnais-yňky  ugruna bolmandyr. Birnäçe günden soň fransuz gämisi gark bolupdyr. Oňa uly zeper ýetipdir – gäminiň suw çyzygynyň deňinde bir deşik we ondan aşakda  ýene biri emele gelipdir, ähtimal kömür bunkerleriniň golaýynda bolsa gerek. Diri galanlary başga bir gämi alyp gidipdir.


şu gün 00:57
2.4k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

19.06.2026 20:02
1.5k+

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

19.06.2026 19:53
2.2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

18.06.2026 22:30
3.9k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......