Samsung arzan bahaly Galaxy M05 smartfonyny çykardy

  • 16.09.2024 10:17
  • 6.3k+

Samsung önümleriniň hataryna täze, elýeter bahaly smartfon goşdy. Kompaniýa 95 dollardan täze Galaxy M05 smartfonyny hödürledi.

Samsung-yň aýtmagyna görä, Galaxy M05 häzirki M tapgyryndaky iň uly displeýli smartfondyr. Modelde HD + durulykda 6,7 dýuýmlyk IPS ekrany, MediaTek Helio G85 prosessory, 4 Gb RAM-y we 64 Gb içerki ýady aldy, bu mikro SD karta arkaly ulaldylyp bilner.
Galaxy M05 25W çalt zarýad beriş goldawly 5000 mAh batareýa bilen üpjün edilendir we batareýanyň 2 güne çenli awtonom işlemegini üpjün edýär. Şeýle hem, smartfon stereodinamikleri we gulaklyklar üçin 3,5 mm-lik kese deşigi aldy. Esasy kameranyň durulygy 50 megapiksel, öň tarapynyňky bolsa 8 megapiksel. Suwdan we tozandan goragy hakda hiç zat aýdylmaýar.


Bu model Android 14-de One UI Core 6.0 daşky görnüş bilen işleýär we 2 ýyllyk OS täzelenmesini we Google-dan 4 ýyllyk howpsuzlyk täzelenmesini wada berýär.
Samsung Galaxy M05 diňe açyk ýaşyl reňkde elýeterdir. Hindistanda eýýäm satylyp başlandy we ýakyn wagtda beýleki ýurtlarda hem satuwa çykarylmagyna garaşylýar.


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...