Angliýada bir çaga iki gezek doguldy: bu nädip boldy?

  • 15.09.2024 18:22
  • 40k+

Beýik Britaniýanyň Kent graflygyndan 23 ýaşly Liza Koffi şol bir çagany iki gezek dünýä inderdi. Olaryň başdan geçirenleri barada Daily Mail neşiri gürrüň berdi.

Göwrelilik döwründe onuň ogly Luka spina bifida – oňurganyň bölünmegi kesel kesgidi goýuldy. Göwreliligiň 27-nji hepdesinde lukmanlar kemçiligi düzetmek maksady bilen, çagany operasiýa etmek üçin ony ýatgydan çykaryp almaly diýen karara geldiler. Operasiýadan soň, Luka ýene ene garnyna gaýtaryldy we 38 hepdeden soň, çaga gaýtadan doguldy.
Çaga doglandan soň sekiz gün intensiw terapiýa bölüminde boldy. Lukmanlar çaganyň hiç haçan ýöräp bilmejekdigini duýdurdylar, ýöne Lisa onuň gowulaşmagyna umyt baglaýar.
Lukanyň beýnisini we oňurgasyny birnäçe gezek operasiýa etdiler we onda Arnold-Kiariniň malformasiýasy – kiçi beýniniň (beýniniň bir bölegi) oňurga kanalyna süýşmegi kesel kesgidi goýuldy. Oglan iki ýaşynda ýene bir MRT barlagyndan geçmeli.
Lukmanlaryň aýtmagyna görä, Beýik Britaniýada her ýyl 600 töweregi çaga spina bifida kemçiligi bilen dogulýar. Keseliň agyr görnüşinde, ýagny miýelomeningoselde, köp hassalar ýöremekde kynçylyk çekip bilerler ýa-da ötüşmeleriň öňüni almak üçin goşmaça operasiýa etmek zerurlygy ýüze çykyp  biler.
Spina bifida kemçiligi bolanda operasiýa adatça çaga dünýä inenden soň edilýär, ýöne kämahal çaga ýatgydaka hem operasiýa edilýär. Lukman Hana Pateliň sözlerine görä, şeýle operasiýalar müň ýagdaýdan birinde amala aşyrylýar.
Dogry ideg we bejergi alanda oňurga bölünmesi bolan çagalaryň köpüsi ulalýança  ýaşaýarlar. Bu kesel kesgidi bilen ortaça ömür dowamlylygy 40 ýyl diýlip hasaplanýar.
Hana Patel: "Bu kesel bilen ýaşamak kyn hem bolsa, hassalaryň köpüsi durmuşda garaşsyz we özbaşdak ýaşamagy başarýarlar" - diýdi.


21.05.2026 19:24
3.9k+

Baýýo halysy Londonda taryhda ilkinji gezek ýazgyn ýagdaýda görkeziler

Britan muzeýi meşhur Orta asyr eseri bolan Baýýo gobelenini taryhda ilkinji gezek doly ýazgyn görnüşde sergä çykarar. «The Bayeux Tapestry Experience» diýlip atlandyrylan bu täsin sergi şu ýylyň 10-njy......

21.05.2026 07:29
1.1k+

Halkara "Buker" baýragy Ýaň Şuan-szynyň "Taýwan ýol ýazgylary" romanyna berildi

Zenan ýazyjy Ýaň Şuan-szynyň "Taýwan ýol ýazgylary" (Taiwan Travelogue) romany 2026-njy ýylyň Halkara Buker baýragyna mynasyp boldy. Sylaglamak dabarasy 19-njy maýda Londonyň Tate Modern muzeýinde geçirildi....

13.05.2026 19:49
1.6k+

The Beatles toparynyň üçeginde soňky konsertini beren jaýy muzeý bolar

Londonyň Sewil-Rou köçesiniň 3-nji jaýynda The Beatles muzeýi açylar. Hut şu binada toparyň ştab-kwartirasy we «Let It Be» albomynyň ýazgy edilen studiýasy ýerleşipdi, binanyň üçeginde bolsa toparyň iň soňky......

10.05.2026 20:34
6.7k+

Beýik Britaniýada aldap gurçuk çykarmak boýunça festiwal geçirildi

Angliýanyň günogartyndaky Blekaton obasynda her ýyl geçirilýän Halkara «gurçuk çagyryjylaryň» festiwaly boldy. Gatnaşyjylar çäkli wagtyň içinde ýeri gazmazdan, iň köp mukdardaky gurçugy ýeriň üstüne çykarmak......