“Al-Nasr” Ronalduwa karýerasyndaky 900 goly mynasybetli GOAT ýazgyly köýnekçe sowgat etdi

  • 15.09.2024 14:39
  • 14k+

Saud Arabystanynyň çempionatynyň üçünji tapgyrynyň “Al-Ahli” bilen oýny (1:1) başlamazdan öň “Al-Nasr” futbol kluby hüjümçisi Kriştianu Ronalduwa 900 belgili we GOAT (Greatest of all time – “taryhda iň beýik”) ýazgyly köýnekçäni sowgat etdi. Bu barada championat.com habar berýär.

UEFA-nyň Milletler ligasynyň 1-nji tapgyrynyň Horwatiýa bilen oýnunda 39 ýaşly futbolçy gol bilen tapawutlandy, bu gol hem onuň üçin karýerasynda 900-nji boldy.
Ronaldu resmi oýunlarda 900 gol geçiren taryhda ilkinji futbolçy boldy. UEFA-nyň Milletler ligasynyň 2-nji tapgyrynyň Şotlandiýa bilen oýnunda (2:1) portugaliýaly karýerasynda 901-nji goluny geçirdi. Şeýlelikde, Ronaldu “Sporting” üçin bäş gol, “Mançester Ýunaýted” üçin 145, Madridiň “Realy’ üçin 450, “Ýuwentus” üçin 101, “Al-Nasr” üçin 68 we milli ýygyndynyň düzüminde 132 gol geçirdi. Ronaldu futbol, milli ýygyndylaryň, Ýewropa çempionatynyň, Çempionlar ligasynyň, Klublaýyn dünýä çempionatynyň taryhynda iň gowy bombardirdir.


şu gün 10:24
3.2k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
2.6k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

düýn 15:52
7.9k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
5.1k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......