Adobe “Firefly” neýroulgamynyň kömegi bilen täze wideo döretmek funksiýasyny hödürledi

  • 15.09.2024 12:12
  • 1.9k+

Adobe kompaniýasy emeli aňyň kömegi bilen wideo döretmäge mümkinçilik berýän täze funksiýany hödürledi. Adobe programma üpjünçiligine birleşdirilen Firefly neýroulgamy tekst beýanynyň esasynda bäş sekuntdan uzak dowam etmeýän wideolary döretmäge ukyplydyr diýip, kompaniýanyň metbugat relizine salgylanyp, TASS habar berýär.

Firefly ulanyjylary hereketsiz şekilleri wideo öwrüp, eýýäm bar bolan kadryň syn ediş burçuny, hereketini ýa-da masştabyny üýtgedip bilerler.
Belläp geçsek, Firefly neýroulgamy ygtyýarlandyrylan mazmunda okadyldy, bu bolsa döredilen wideolary täjirçilik maksatly ulanylyş üçin ýaramly edýär. Funksiýanyň beta-nusgasy 2024-nji ýylyň ahyrynda elýeterli bolar.


17.06.2026 11:11
1.3k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
6.1k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

11.06.2026 23:59
7.1k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......

03.06.2026 15:15
3.6k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......