Täze iOS 18-de iPhone-yň detallary çalşylansoň dogry işleýşini barlap bolýar

  • 15.09.2024 11:15
  • 2.7k+

Täze iOS 18 wersiýasynda Apple-iň asyl düzüm böleklerini sazlamak üçin Repair Assistant guraly peýda boldy. Bu funksiýa ulanyjylara ekran ýa-da akkumulýator ýaly komponentleri çalşanlaryndan soň iPhone-yň kadaly işleýändigine göz ýetirmäge mümkinçilik berýär diýip, Macrumors habar berýär.

Repair Assistant düzüm bölekleri çalşylandan soň awtomatiki ýagtylyk, True Tone we akkumulýatoryň ýagdaýy barada hasabat beriji ýaly funksiýalaryň dogry işlemegini üpjün edýär.
Täze funksiýa iOS 18 çykmazyndan ozal gurnalan komponentleriň sazlanmagyny hem goldaýar. Enjam ulgamyň täze wersiýasyna çenli täzelenenden soň, ulanyjylar Repair Assistant guralyny “Sazlamalar” bölüminde tapyp bilerler.
Bu funksiýa iPhone 12 we soňraky modeller üçin elýeterlidir.
Apple ilkinji gezek Repair Assistant guralyny şu ýylyň aprel aýynda yglan etdi.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...