Dünýäde nebite bolan isleg 2020-nji ýylyň derejesine çenli pese gaçýar

  • 14.09.2024 14:00
  • 5.9k+

Halkara Energetika Agentligi (HEA) Hytaýyň ykdysadyýetiniň haýallamagy sebäpli, dünýäde nebite bolan islegiň “birden haýallandygy" barada hasabat çap etdi diýip, Bloomberg habar berýär.

2024-nji ýylyň birinji ýarymynda dünýäde nebitiň sarp edilişi günde bary-ýogy 800 müň barrele çenli artdy we 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, üçden bir bölekden hem az boldy. Bu 2020-nji ýylda pandemiýa başlany bäri iň pes görkezijidir.
Nebitiň bahasy bir barrel üçin 70 dollardan aşaklap, üç ýyllyk iň pes derejä düşdi. Pese gaçyşlyk nebitiň iň köp sarp edijileri bolan Hytaýyň we ABŞ-nyň ykdysadyýetiniň haýallamagy bilen bagly howatyrlanmalar sebäpli ýüze çykdy. Pese gaçyşlyk hatda Liwiýada önümçiligiň azalmagynyň we OPEK + üpjünçiliginiň gijikmegine päsgel berip bilmedi.
HEA-nyň çaklamasyna görä, OPEK+ ýurtlary tarapyndan häzirki önümçilik derejesini dowam etdirmegiň mümkindigine garamazdan, 2025-nji ýylda nebit bazary her çärýekde profisit (artykmaçlyk) bilen ýüzbe-ýüz bolar. Gurama onýyllygyň ahyryna çenli nebite bolan islegiň ýokarlanmagyna garaşýar we häzirki haýallyk islegiň artjak pursadynyň ýakynlaşýandygyny görkezýär.
Hytaýda ýangyç sarp edilişi iýul aýynda yzly-yzyna dördünji aý azaldy we nebitiň import edilişi bolsa soňky iki ýylda iň pes derejä düşdi. HEA-nyň 2024-nji ýyldaky çaklamalary üýtgewsiz galýar: edara şu ýyl nebit isleginiň günde 900 müň barrele we 2025-nji ýylda bir günde 950 müň barrele çenli ýokarlanmagyna garaşýar, bu JPMorgan we Citigroup ýaly beýleki seljerijileriň garaşyşlaryndan pesdir.


20.06.2026 11:54
5.3k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.6k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......