“Barbi” filminiň ýyldyzy Margo Robbi Chanel №5 atyrynyň ýüzi boldy

  • 13.09.2024 18:21
  • 8.7k+

Golliwudyň 34 ýaşly aktrisasy, “Barbi” filminde baş keşbi ýerine ýetiren Margo Robbi Chanel №5 atyrynyň ýüzi boldy. Ol bu barada WWD fashion-neşirine beren interwýusynda aýtdy. Şol bir wagtyň özünde, aktrisa 2018-nji ýyldan bäri fransuz moda brendi bilen hyzmatdaşlyk saklaýar.

Asyl hoşboý ys 1921-nji ýylda döredildi, 1924-nji ýylda eau de toilette, 1986-njy ýylda bolsa eau de parfum çykaryldy. 2008-nji ýylda bu ysyň Eau Premiere, 2016-njy ýylda Chanel-iň ştat parfýumeri Oliwýe Polž tarapyndan döredilen L’Eau görnüşi çykdy.
Öň, Katrin Denýow we Nikol Kidman hem bu atyryň ýüzi bolupdy. Atyryň ilkinji mahabatynda Koko Şaneliň özi surata düşdi. Bu topara 1952-nji ýylyň aprel aýynda Time üçin makalada Chanel №5 bilen uklaýandygyny aýdan Merilin Monro hem goşulýar.

“Bu meşhur brend. Ol hemişe hakyky gözellik bilen baglanyşýar. Men Chanel-e hemişe şeýle garaýardym” – diýip, Robbi belledi.

Atyryň täze mahabat wideosyny Luka Guadanino düşürdi, Margo Robbi wideoda Jeýkob Elordi bilen peýda boldy.


02.02.2026 15:28
2.6k+

Odri Hepbýorne degişli bolan Bulgari gülýakasy çaklanan bahasyndan 5 esse gymmat satyldy

Aktrisa Odri Hepbýorne degişli bolan 1960-njy ýyllaryň Bulgari gülýakasy Pariždäki Sotheby’s auksionynda 355 600 ýewro satyldy diýip, söwda öýüniň saýty habar berýär. Harydyň ahyrky bahasy deslapky 60 müň ýewro bahadan bäş esse dagy ýokary boldy...

28.01.2026 14:45
1.7k+

«Modanyň şasy»: Jorjo Armaniniň durmuşy barada film düşüriler

«Oskar» baýragyna mynasyp bolan «Çaknyşyk» (Столкновение) filminiň ssenariçisi Bobbi Moresko italýan modelýeri Jorjo Armani barada biografik film düşürer. Bu barada Deadline neşiri habar berýär. Filmiň ady häzirlikçe— «Armani — modanyň şasy» diýlip goýuldy...

14.01.2026 17:41
5.4k+

«Gaty geň zatlaryň» ýyldyzy Milli Bobbi Braun öz egin-eşik brendini çykardy

Britaniýaly aktrisa we model,  «Gaty geň zatlar» («Очень странные дела») serialynyň ýyldyzy Milli Bobbi Braun Mills by Millie Bobby Brown atly egin-eşik brendini çykardy.  Fashion Network neşiriniň habaryna görä, brendiň önümleri  diňe Walmartyň ABŞ-daky dükanlarynda satylýar...

30.09.2025 17:48
3.1k+

Guççiniň maşgalasy barada täze serial surata düşüriler

Italiýanyň Sky telekompaniýasy Guççiniň maşgalasy barada serialyň taýýarlanýandygyny habar berdi. “Guççi: Oýun gutardy” (“Гуччи: Игра окончена”) atly alty bölümli taslamanyň surata düşürilişi 2026-njy ýylyň ýazynda başlanar diýip, Variety habar berýär...