Apple iPhone 16 üçin Beats brendi bilen täze daşlyklary çykardy

  • 13.09.2024 11:52
  • 6.9k+

Apple kompaniýasy Beats brendi bilen iPhone 16 üçin täze daşlyk hataryny çykardy. Aksessuarlar ulanyjylara stil bilen goragyň sazlaşygyny hödürleýär diýip, gagadget.com ýazýar.

Daşlygyň yzky paneli sypjyryklara çydamly örtgi bilen polikarbonatdan taýýarlanan, içki bölegi bolsa smartfony zeper ýetmelerden goramak üçin mikrofibra bilen örtülendir.
Täze Beats daşlyklary, Apple-iň aýtmagyna görä, telefony tutmagy has ykjamlaşdyrýan çeýe gapdal panelleri bilen tapawutlanýar. Apple-iň beýleki daşlyklary ýaly, täze modeller hem Camera Control funksiýasyny we MagSafe tehnologiýasyny goldaýar.
iPhone 16 üçin Beats daşlyklary dört reňkde elýeterlidir: Midnight Black, Summit Stone, Riptide Blue we Sunset Purple.
Olaryň bahasy 49 dollardan başlaýar.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...