ABŞ-da tupan zerarly zyýan ýeten 22 gatly gökdirän binany birnäçe sekundyň içinde ýok edildi

  • 13.09.2024 11:43
  • 28k+

7-nji sentýabrda Luiziana ştatynyň Leýk-Çarlz şäherinde 22 gatly Hertz Tower gökdirän binasyny ýykyp aýyrdylar. Bina dolandyrylýan partlamalaryň kömegi bilen ýykyldy diýip, “Wokrug sweta” habar berýär.

Mundan 40 ýyl gowrak ozal gurlan bu bina 2020-nji ýylda sebite inen "Lora" we "Delta" atly iki sany güýçli, 4-nji derejeli tupany (iň ýokarysy 5-nji kategoriýa) netijesinde agyr zyýan çekdi.
"Lora" tupany we onuň yzyndan inen soňky "Delta" tupany Meksika aýlagynyň  kenaryna uly zyýan ýetirdi, 25 adam heläk boldy we 22 milliard dollarlyk ykdysady zyýan çekildi. Şäheriň nyşany bolan Hertz Tower bu tebigy betbagtçylyklar zerarly zaýalanyp, idegsiz taşlanypdy.
Bina eýeçilik edýän kompaniýa ilki ony dikeltmegi meýilleşdiripdi, ýöne soňra ony ýykyp aýyrmagy ykdysady taýdan bähbitli hasaplady.
Ýykyp aýyrmak birnäçe sekundyň içinde tamamlandy we soňky ýyllarda sebitdäki tupanlaryň netijelerini ýatladyp duran gökdirän binanyň taryhyna iň soňky nokat goýuldy.


şu gün 00:57
2.4k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

19.06.2026 19:53
2.2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......