Nokia-nyň YouTube-ly nusgasy: 25 we 28 dollardan HMD 105 4G we HMD 110 4G  hödürlendi

  • 14.09.2024 22:41
  • 10k+

Nokia brendine eýelik edýän HMD Global kompaniýasy täze HMD 105 4G we HMD 110 4G düwmeli telefonlaryny hödürledi. Täze önümler tomusky 2G analoglary çykandan soň, hataryň dowamy bolar diýip, Gizmochina ýazýar.

Enjamlar Cloud Phone programmasy arkaly YouTube-a, YouTube Music-e we YouTube Shorts-a girişi teklip edýär, şeýle hem howpsuz UPI amallary üçin öňünden gurlan programmany öz içine alýar.
Telefonlar 1450 mA•h akkumulýator, MP3 pleýer, simsiz FM radio we 32 Gb-a çenli SD kartlar üçin goldaw bilen üpjün edilendir. Şeýle hem, Phone Talker programmasy we 23 dil üçin goldawy bar.
HMD 105 4G modeli gara, gök we gülgüne reňklerde 25 dollardan satylýar. HMD 110 4G-iň titan we gök görnüşleriniň bahasy 28 dollar. Enjamlary bölek satuw dükanlaryndan, elektron söwda platformalaryndan we HMD-iň resmi web sahypasyndan bir ýyl kepillik bilen satyn alyp bolar.


16.06.2026 23:19
2.3k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

14.06.2026 14:07
3.9k+

MrBeast YouTube-da agzalary 500 milliona ýeten ilkinji bloger boldy

Jimmi «MrBeast» Donaldson YouTube platformasynda 500 million yzarlaýjy görkezijisine ýeten ilkinji bloger boldy. Ol bu pursaty platformada göni ýaýlymda görkezdi....

30.05.2026 11:28
1.5k+

YouTube ulanyjynyň islegi boýunça wideo saýlamagy öwrendi

YouTube wideohostingi emeli aňyň kömegi bilen wideolaryň şahsy lentalaryny döretmegiň täze funksiýasyny işe girizdi. Indi saýlama wideolaryň ýygyndysyny döretmek üçin ulanyja diňe isleýän kontentiniň tekstli......

20.05.2026 10:19
1.5k+

YouTube we Snap sosial ulgamlaryň okuwçylara täsiri baradaky kazyýet işini kadalaşdyrdylar

YouTube wideohostingi we Snap kompaniýasy Kentukki ştatynyň Breýsitt mekdep okrugynyň platformalary kämillik ýaşyna ýetmedikleriň ruhy saglygyna sosial ulgamlaryň ýaramaz täsirinde aýyplan kazyýet işi boýunça......