Indiki Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlary Gyrgyzystanda geçiriler

  • 12.09.2024 14:05
  • 6.4k+

2026-njy ýylda Çarwadarlaryň VI bütindünýä oýunlaryny Gyrgyzystan kabul eder. Bu barada Medeniýet, maglumat, sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň başlygy Altynbek Maksutow habar berdi.

“Gyrgyzystanda dörän Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlary 2026-njy ýylda öz watanyna gaýdyp gelýär” – diýip, ministr aýtdy.

Ilkibaşda awgust aýynyň başynda Çarwadarlaryň VI bütindünýä oýunlarynyň Gyrgyzystanda geçiriljekdigi habar berildi, emma şol aýyň ahyrynda oýunlaryň Özbegistanda geçiriljekdigi aýdyldy.
Gyrgyzystan Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlaryny geçirmek başlangyjy bilen çykyş eden ýurtdur. Bu ýurtda oýunlar üç gezek geçirildi: 2014, 2016 we 2018-nji ýyllarda. 2022-nji ýylda oýunlar Türkiýede geçdi, şu ýyl bolsa ýaryşlar Gazagystanda geçirilýär (8 – 13-nji sentýabr). 


31.05.2026 10:21
5.8k+

Çarwadarlarynyň Bütindünýä oýunlarynyň baýrak gory 700 müň dollardan gowrak bolar

Çarwadarlaryň VI Bütindünýä oýunlarynyň umumy baýrak gory 61,3 million soma (takmynan 700,8 müň dollara) deň bolar. Bu barada Kaktus.media neşiri Milli sport görnüşleri boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy Ulukbek......

05.04.2026 02:45
3k+

Gar barsy 6-njy Bütindünýä çarwadarlar oýunlarynyň tumary boldy

Şu ýyl Gyrgyzystanda geçiriljek 6-njy Bütindünýä çarwadarlar oýunlarynyň resmi tumary yglan edildi. Ol güýjüň hormat goýmak bilen utgaşýandygyny, däp-dessurlaryň bolsa dünýä açykdygyny görkezýän gar barsy......

24.03.2026 10:21
2.5k+

«She.Tri» Merkezi Aziýa zenanlarynyň triatlon bilen meşgullanmagy üçin täze mümkinçilik

«Merkezi Aziýada zenanlaryň arasynda köpçülikleýin triatlon sportuny ösdürmäge gönükdirilen «She.Tri» platformasy işe girizildi. Taslamanyň tanyşdyrylyş dabarasy 20-nji martda Gazagystanyň metbugat klubynda geçirildi» diýip, CMN...

20.01.2026 14:02
21k+

Türkmenistanyň ýygyndysynyň iň gymmat futbolçysy Gyrgyzystanyň «Bars» klubuna geçdi

«Bars» gyrgyz futbol kluby Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň 25 ýaşly merkezi ýarym goragçysy Teýmur Çaryýewiň transferini resmi taýdan yglan etdi. «"Bars" futbol kluby türkmenistanly ýarym goragçy Teýmur Çaryýew bilen şertnama baglaşylandygyny şatlyk bilen habar berýär» diýlip, klubuň metbugat gullugynyň maglumatynda aýdylýar...