Eýran paýtagty Tährandan günorta geçirmegi göz öňünde tutýar

  • 11.09.2024 11:21
  • 17k+

Eýran paýtagty Tährandan ýurduň günortasyna geçirmek mümkinçiligine seredýär. Prezident Masud Pezeşkianyň aýtmagyna görä, şäher suw ýetmezçiligi, howanyň hapalanmagy we topragyň çökmegi ýaly çözüp bolmajak çynlakaý meseleleri başdan geçirýär diýip, Fars habar berýär.

“Häzirki tendensiýany dowam etdirip, ýurdy ösdürmek mümkin däl. Eger biz Tährana günortadan we deňizden resurslary getirmegi, soň olary önümlere öwrüp, ýene günorta eksporta ibermegi dowam etdirmek islesek, bu biziň bäsdeşlige ukyplylygymyzy has peselder” – diýip, Pezeşkian düşündirdi.

Eýranda paýtagty göçürmek meselesi ilkinji gezek agzalmaýar. Bu mesele heniz Mahmud Ahmadinežadyň hökümetinde (2005-2013-nji ýyllar) gozgaldy. 2013-nji ýylda Yslam geňeşi syýasy we administratiw paýtagty göçürmek meýilnamasyny tassyklady.
Şeýle-de bolsa, hünärmenler paýtagty göçürmegiň däl-de, Tähranda infrastrukturany döwrebaplaşdyrmagyň we binalary berkitmegiň zerurdygyny görkezýärler diýip, Mashregh-e salgylanyp, RBK ýazýar. Şäher aşa agramyň düşmeginden zyýan çekýär: Eýranyň Şäher ykdysadyýetiniň ylmy assosiasiýasynyň maglumatlaryna görä, Tähranyň infrastrukturasy 8 million ýaşaýjynyň diňe 2,3 milliony üçin niýetlenendir.


24.03.2026 11:55
11k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy eýranly kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

23-nji martda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Abbas Arakçi bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Söhbetdeşligiň başynda taraplar Nowruz baýramy mynasybetli birek-biregi gutlap, iki ýurduň halklaryna rowaçlyk we abadançylyk arzuwlaryny beýan etdi...

17.03.2026 15:58
7.7k+

Eýranyň ilçisi ynsanperwer kömegi üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

Eýranyň Aşgabatdaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna berlen ynsanperwer kömegi hem-de beýleki ýurtlardan gelýän ynsanperwer ýükleriniň bökdençsiz geçirilmegine beren ýardamy üçin minnetdarlyk bildirdi...

16.03.2026 14:48
10k+

Türkmenistan goňşy Eýrana doganlyk goluny uzadyp, ynsanperwer kömegini ýollady

Oraza aýynyň dowam edýän günlerinde Türkmenistan Eýran Yslam Respublikasynyň halkyna ynsanperwer kömegini ugratdy. Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, bu ýük, ilkinji nobatda, goňşy ýurduň çagalaryna niýetlenendir...

11.03.2026 02:01
25k+

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýranyň Beýik Liderini gutlady

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aýatolla Seýed Mojtaba Hoseýni Hameneýä Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik Lideri wezipesine saýlanmagy mynasybetli gutlagyny we iň gowy arzuwlaryny ýollady...