Apple täze Watch Series 10 sagatlaryny we nauşnikleri hödürledi

  • 10.09.2024 15:02
  • 4.9k+

Smartfonlardan başga-da, Apple tanyşdyrylyş dabarasynda täze Watch Series 10 akylly sagatlaryny we AirPods 4 nauşniklerini hödürledi.

Watch Series 10 sagatlary has inçe korpus (9,7 mm), ýagtylygy 40% ýokarlandyrylan uly displeý we uky wagtynda dem alşyň gysga wagtlaýyn saklanmagy bolan apnoeni anyklamak funksiýasy bilen tapawutlanýar.
Sagatlara täze sifrli panel, şol sanda ýagtylyga täsirlenýän “Reflections” goşuldy. Şeýle-de, modelde dört ýadroly Neural Engine prosessorly täze çip S10 peýda boldy, zarýad berşiň tizligi we uky wagtynda bilegiň temperaturasyny ölçemek funksiýasy gowulaşdyryldy.
Jet Black reňkiniň korpusy özboluşly görnüş berýän ýylmanan alýuminden ýasaldy. Şeýle-de, adaty alýuminden kümüş we gülgüne modeller bar. Mundan başga-da, kompaniýa titan korpusly görnüşi taýýarlady.
Baha 399 dollardan başlaýar.

Şeýle-de, kompaniýa AirPods hataryny täzeledi. AirPods 4 nauşnikleri sesi has aýdyň kabul edýän kämilleşdirilen draýwerlere we  mikrofonlara eýe boldy.
Dizaýn hem üýtgedi. Nauşnikler üçünji nesle garanda formasyny üýtgetmese-de, birneme kiçeldi. Korpus hem kiçeldildi. Ol USB-C portuna we “Lokatoryň” işlemegi üçin dinamikalara eýe boldy. Nauşnikler simsiz zarýad berişden başga-da, MagSafe tehnologiýasyny goldaýar. Olara Apple Watch kabeliniň kömegi bilen hem zarýad berip bolar.
Täze AirPods iki görnüşde çykarylar: işjeň galmagaly ýatyrma bolmazdan (129 dollar) we işjeň galmagaly ýatyryş bilen (179 dollar).

Täze önüm kelle bilen dolandyryşy hem goldaýar, mysal üçin, “hawa” hereketi bilen jaňa jogap berip, “ýok” hereketi bilen ony ret edip bolar. Bu funksiýa iň gymmat AirPods Max nauşnikleriniň täzelenen görnüşinde-de elýeterlidir. Ol täze H2 çibine, USB-C portuna we gepleşik wagty sesiň gatylygyny awtomatik peseltmek funksiýasyna eýe boldy.
Täze AirPods Max bäş reňkde elýeterli: gara, ak, mämişi, çal we “şöhle saçýan ýyldyz”. Olaryň bahasy 550 dollar.
Gurluşlaryň satuwy 20-nji sentýabrda başlar.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...