iPhone 16 Pro we iPhone 16 Pro Max flagman smartfonlary hödürlendi

  • 10.09.2024 14:14
  • 12k+

Apple güýzki tanyşdyrylyş dabarasynyň çäklerinde özüniň iň döwrebap we kuwwatly flagman modelleri bolan iPhone 16 Pro hem-de iPhone 16 Pro Max-y hödürledi. Bu gurluşlar hünärmenler, foto hem wideo düşürmegiň muşdaklary üçin niýetlenendir.

Modeller özünden öňküleriň daşky görnüşini saklaýar, ýöne tapawut OLED displeýleriniň ulaldylmagynda: iPhone 16 Pro 6,3 dýuým, iPhone 16 Pro Max 6,9 dýuým displeý bilen üpjün edildi, ekranyň töwereginde inçe çarçuwa bar (takmynan, üçden bir inçe).
Smartfonlar täze Apple Intelligence emeli aň funksiýalaryny hem-de beýleki öňdebaryjy iOS 18 mümkinçiliklerini goldaýan 16 ýadroly neýron hereketlendirijisi bilen optimizirlenen kuwwatly A18 Pro prosessory bilen üpjün edildi. Şeýle-de, gurluşlar obýektiwler bilen surata düşüriş režimleriniň arasynda aňsat geçmek, parametrleri sazlamak üçin sensor düwmesi bilen enjamlaşdyryldy.

iPhone 16 Pro öň diňe Pro Max-da elýeterli bolan teleobýektiwde 5 esse optiki zuma eýe boldy. Smartfonlaryň ikisi-de has tiz 48 Mp Fusion kamera sensorynyň netijesinde sekuntda 120 kadr ýygylygy bilen 4K formatda surata düşürmegi goldaýar.
Reňk palitrasy hem üýtgedi. Flagmanlar indi dört reňkde elýeterli: gara, ak, kümüşsöw we täze “çöl titany”.
Satuw 20-nji sentýabra meýilleşdirilýär.
Bahalar iPhone 16 Pro üçin 999 dollardan we iPhone 16 Pro Max üçin 1199 dollardan başlaýar.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...