Hindistan plastik galyndylary taşlamak boýunça dünýä reýtinginde birinji orny eýeledi

  • 10.09.2024 13:09
  • 10k+

Hindistan plastik galyndylary zyňmagyň möçberi boýunça dünýäde birinji orna çykdy. Ýurt ýylda 9,3 mln tonna plastik galyndyny zyňýar, bu bolsa global görkezijiniň tas bäşden bir bölegine deňdir. Bu barada “Nature” ylmy žurnalynda çap edilen gözlege salgylanyp, TASS habar berýär.

Ylmy gözlegiň awtorlary absolýut aňlatmada plastik zyňyndylaryň iň uly möçberiniň Günorta Aziýa, Saharadan günortadaky Afrika we Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarynda hasaba alynýandygyny belleýärler.
Hindistandan soň ikinji orny Nigeriýa eýeleýär (3,5 mln tonna), onuň yzyndan Indoneziýa (3,4 mln tonna) we Hytaý (2,8 mln tonna) gelýär.
Alymlaryň pikiriçe, Hindistanyň resmi statistikasy oba ýerleri, ykdysadyýetiň resmi däl pudagy tarapyndan gaýtadan işlenen zibiller, şeýle-de açyk ýakylan galyndylar barada maglumatlary öz içine alman biler.
Ylmy gözleg Hindistanda plastik zyňyndylaryň tas 53%-iniň galyndylary ulanmak ýa-da gaýtadan işlemek üçin ýygnalmaýan 255 mln adam toparyndan gelýändigini görkezýär. Galan zyňyndylaryň uly bölegi (38%) zir-zibil dökülýän ýerlerde zibilleri ýakmagyň paýyna düşýär.


18.06.2026 22:08
2.6k+

Hindistan synaglardaky aldawçylyk sebäpli Telegram-y wagtlaýynça petikledi

Hindistanyň häkimiýetleri Telegram messenjerine girişi 22-nji iýuna çenli wagtlaýynça gadagan etdi. Reuters agentliginiň ýurduň Bilim ministrligine salgylanyp berýän habaryna görä, bu çäre lukmançylyk okuw......

16.06.2026 12:35
6.1k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

08.06.2026 17:48
7.6k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

07.06.2026 10:07
3.5k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......