Apple iPhone 16 smartfonlaryny hödürledi: täze funksiýalar, täze dizaýn

  • 10.09.2024 11:44
  • 10k+

Apple kompaniýasy 9-njy sentýabrda geçirilen güýzki tanyşdyrylyş dabarasynda iPhone 16 smartfon hataryny hödürledi. Täze model birnäçe kämilleşmelere, şol sanda Apple Intelligence emeli aňyna eýe boldy. Aýratynam, smartfon kamera gönükdirilende obýektleri tanap, ses buýrugy bilen albomdaky suratlary gözläp biler.

Emeli aň Siri ses kömekçisi bilen aragatnaşygy has amatly etmek üçin ulanylýar: ondan belli bir suratlary dostlara ibermegi soramak bolar.

“Siz şeýle diýip bilersiňiz: “Şenbe günündäki barbekýudan suratlary Erika iber”, Siri suratlary tapyp, olary derrew iberer” – diýip, Apple-iň programma üpjünçiligini işläp taýýarlamak boýunça uly wise-prezidenti Kreýg Federigi belledi.

Mundan başga-da, Siri teleşou we aýdym-saz teklipleri barada ýatlatmak üçin habarlardan maglumat alyp biler.
Täze iPhone 16 ulanyjylara daş-töweregindäki zatlar barada maglumat almaga mümkinçilik berer – munuň üçin kamerany olara gönükdirmek ýeterlik. Funksiýany, mysal üçin, restoran barada seslenmeleri almak, it tohumlaryny kesgitlemek ýa-da gözel ýerler barada gyzykly faktlary bilmek üçin ulanylyp bilner.


iPhone 16 kamerany aňsat dolandyryş üçin basyş datçigi bilen Capture Button sensor düwmesini we öň diňe Pro görnüşlerde elýeterli bolan Action Button bilen üpjün edildi. Esasy modellerdäki kameralar dikligine ýerleşdirildi, bu birneme 2017-nji ýylyň iPhone X-niň dizaýnyny ýada salýar. Kamera indi Apple-iň Vision Pro garniturasy üçin 3D klipleriň giňişleýin wideo ýazgysyny goldaýar.


Şeýle-de, Apple öňki A16 Bionic bilen deňeşdirilende 30% tiz bolan we 35% az energiýa sarp edýän A18 prosessoryny hödürledi. Täze çip iPhone 16-a emeli aň funksiýalaryny netijeli dolandyrmaga we Resident Evil 7 Biohazard we Assassin’s Creed: Mirage ýaly AAA oýunlaryny işletmäge mümkinçilik berer.
Täze iPhone 16 we iPhone 16 Plus modelleri, degişlilikde, 6,1 we 6,7 dýuým OLED ekranlaryna eýe boldy.
Apple Intelligence funksiýasy oktýabr aýyndan we ilki diňe iňlis dilinde elýeterli bolar. Beýleki diller 2025-nji ýylda peýda bolar.
iPhone 16-nyň bahasy 799 dollar, iPhone 16 Plus-yň bahasy 899 dollar.


02.03.2026 22:21
4.9k+

Apple arzan bahaly iPhone 17e modelini tanyşdyrdy: satuw 11-nji martda başlar

Apple kompaniýasy özüniň elýeterli smartfon hatarynyň täze modelini — iPhone 17e smartfonyny hödürledi. Täze model öňki iPhone 16e modeliniň dizaýnyny we ekranyň ölçegini saklap galdy. Hususan-da, smartfonda öňküsi ýaly ýokarsy gönüburç «oýukly» ekran ulanylýar...

27.02.2026 19:22
1.3k+

App Store dükanynda ulanyjylaryň ýaşyny tassyklaýan täze ulgamlar işe girizildi

Beýleki köp sanly iri kompaniýalaryň mysalyna eýerip, Apple dürli döwletleriň we sebitleriň kanunçylyk talaplaryna laýyk gelmek maksady bilen App Store dükanynda ulanyjynyň ýaşyny barlaýan ýörite gurallary işe girizdi...

27.02.2026 15:17
1.9k+

Apple düzüminde ýekeje işgäri bolan invrs.io startapyny satyn aldy

Apple kompaniýasy Ýewropanyň invrs.io startapyny satyn aldy. Bu geleşigiň iň gyzykly tarapy — startapda ýekeje adam işleýär, olam onuň esaslandyryjysy Martin Şubert. Indi ol öz işini Apple-de dowam etdirýär. Bu şertnama üçin amerikan kompaniýasynyň näçe pul çykarany mälim edilmedi...

20.02.2026 11:20
2k+

Kameraly äýnekler, akylly tumarlar we täze AirPods: Apple-yň geljekki meýilnamalary

Bloomberg agentliginiň synçysy Mark Gurman Apple kompaniýasynyň emeli aň goldawy bolan täze dakynylýan enjamlaryň üstünde işleýändigini habar berdi. Kompaniýa Siri ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeltmek üçin ähli täze enjamlary kameralar bilen enjamlaşdyrmagy meýilleşdirýär...