Ýaponiýanyň IT kompaniýasy işde argynlyk bilen göreşmek üçin 10 pişigi işe aldy

  • 09.09.2024 15:00
  • 12k+

Ýaponiýanyň Qnote IT kompaniýasy on sany pişigi işgär hökmünde “işe alyp”, stress we argynlyk bilen göreşmegiň özboluşly tejribesini girizdi. Baş müdir Nobuýuki Surutanyň aýtmagyna görä, pişikler topar ruhuny saklamaga we toparda dartgynlylygyň azalmagyna ýardam edýär diýip, South China Morning Post habar berýär.

Kompaniýada ilkinji pişik 2004-nji ýylda peýda boldy we şondan bäri olaryň sany artdy. Kompaniýanyň dört gatly binada ýerleşýän täze ofisinde ikinji we üçünji gatlar pişikler üçin ýörite hajathanalar, tekjeler we dyrnaklary ýiteltmek üçin agaç sütünleri bilen üpjün edildi.
Her pişigiň öz “wezipesi” bar: “başlykdan” başlap, “klerklere” we “auditorlara” çenli. Ofisde köçeden alnan haýwanlar hem bar.
Pişikler rahat atmosferany döretmäge kömek edip, işgärleri işde arakesme almaga höweslendirýär.
Kompaniýa pişiklere bolan söýginiň täze işgärleri çekmäge we işgärleriň işden çykmagyny azaltmaga ýardam edýändigini belleýär. Dalaşgärlere bildirilýän talaplaryň arasynda hatda pişikleri gowy görmegiň zerurdygy görkezilýär.


18.06.2026 22:13
4.7k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

04.06.2026 11:45
2.4k+

Ýaponiýada ýitip giten kekeçli ibisler gaýtadan ýetişdirilip, ýabany tebigata goýberildi

Ýaponiýada soňky onlarça ýylyň dowamynda ilkinji gezek, ozal bu sebitde doly ýitip giden kekeçli ibis guşlarynyň sekizisi ýabany tebigata goýberildi. Dabaraly çäre Hakui şäherinde geçirildi. Bu guşlaryň iň......

28.05.2026 17:06
4.4k+

Ýaponiýa we Gazagystandaky BMGÖM Kaspi deňzi üçin 3 million dollar sarp edýär

Ýaponiýanyň Hökümeti we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Gazagystanda Kaspi deňziniň suwunyň derejesiniň peselmegine garşy çärelere gönükdirilen 3 million dollar gymmatyndaky täze taslama badalga berýärler....

27.05.2026 10:18
9k+

Ýaponiýada 1200 ýyllap ýanyp duran «Ebedi ot» ybadathanasyny ot aldy

Ýaponiýanyň Miýadzima adasynda ýüze çykan uly ýangyn netijesinde 806-njy ýyldan bäri (1200 ýyldan gowrak wagt) dowamly ýanyp duran ebedi ody öz içinde saklaýan meşhur «Reýkado» ybadathanasy doly ýanyp, kül......