Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlaryna Türkmenistandan 29 türgen gatnaşýar

  • 09.09.2024 09:54
  • 7.1k+

Gazagystanda geçirilýän Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlaryna Türkmenistana 29 türgen wekilçilik edýär. Olar göreş, ýaýdan ok atmak we milli oýunlaryň beýleki görnüşleri boýunça öz ussatlyklaryny görkezerler.

8-nji sentýabrda “Astana Arena” stadionynda şu ýyl “Ymgyr sähradaky duşuşyk” şygary astynda geçýän Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlarynyň resmi açylyş dabarasy boldy. Bu dabara Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy.
Açylyş dabarasynyň barşynda ýurtlaryň ýygyndy toparlary milli baýdaklary bilen dabaraly ýöräp geçdiler. Şu gezekki ýaryşlarda gatnaşyjylar sportuň 21 görnüşi, şol sanda at çapyşyklary, göreşiň milli görnüşleri, aň-paýhas oýunlary, başa-baş söweşler, ýaýdan ok atmak, el guşlar bilen aw awlamak we beýleki milli oýunlar boýunça 97 medal toplumy ugrunda bäsleşerler.
100 ýurtdan 4000-den gowrak türgeniň gatnaşýan bu iri sport ýaryşlary 13-nji sentýabra çenli dowam eder.


03.06.2026 17:49
3.9k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

30.05.2026 08:45
8.2k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

27.05.2026 18:22
9.3k+

Alp Arslan Begenjow Wýetnamdaky U23 Aziýa çempionatynda altyn medal gazandy

Wýetnamyň Danang şäherinde geçirilen U23 & U17 Asian Championships 2026 yklym birinjiliginde Türkmenistandan erkin göreşiji Alp Arslan Begenjow 23 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýanyň çempiony boldy....

25.05.2026 15:19
2.8k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......