Microsoft emeli aň funksiýalaryny alan täze TCL smartfonlaryny döretmäge gatnaşdy

  • 09.09.2024 00:38
  • 2.3k+

Microsoft korporasiýasy TCL kompaniýasynyň täze TCL 50 Pro Nxtpaper we 50 Nxtpaper  smartfonlaryny işläp düzmäge gatnaşdy. Bu barada PRNewswire portalyndaky metbugat relizinde aýdylýar.

Gurluşlaryň esasy aýratynlygy görkezilýän mazmuna we daşarky şertlere görä sazlanyp, “kagyz” ekranynyň täsirini üpjün edýän 6,8 dýuým Nxtpaper 3.0 ekrany boldy. TCL-iň bellemegine görä, şeýle displeý göze düşýän agramy azaldýar.
Microsoft hem Azure AI serwisiniň esasynda emeli aň tehnologiýalaryny hödürlemek bilen öz goşandyny goşdy. Bu funksiýalar gurluşlara tekstleri gaýtadan ýazmaga, düzedişleri teklip etmäge, olary başga dillere geçirmäge, şeýle-de sesi tekste we tersine öwürmäge mümkinçilik berýär.
Smartfonlaryň ikisi-de MediaTek 6300 prosessory, 8 GB operatiw we 512 GB içki ýat bilen üpjün edildi. Şeýle-de, 50 Mp esasy kamera, 5010 mA/sag sygymly batareýa we Android 14 operasion ulgamy bar.
TCL 50 Nxtpaper-iň bahasy 229 ýewro, 50 Pro Nxtpaper – 299 ýewro bolar.
Gurluşlar diňe Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda satylar.


23.02.2026 13:14
1.3k+

Microsoft-da Xbox oýun bölüminiň ýolbaşçysy çalyşýar

Microsoft kompaniýasynyň oýun bölüminiň (Microsoft Gaming) meşhur ýolbaşçysy Fil Spenser wezipesini tabşyrýar. Bu täzelik dünýäniň iň uly oýun ekoulgamlarynyň birinde täze döwrüň başlangyjyny aňladýar. Duşenbe gününden başlap, Microsoft Gaming-iň täze ýolbaşçysy wezipesine Aşa Şarma bellenildi...

14.02.2026 19:03
1.1k+

Windows 11-e wezipeler paneliniň (Taskbar) ýerini üýtgedip bolmak mümkinçiligi gaýtaryldy

Microsoft kompaniýasy Windows 11 ulanyjylarynyň iň köp soraýan aýratynlyklarynyň birini — wezipeler panelini ekranda erkin ýerleşdirmek mümkinçiligini yzyna gaýtarýar. Bu aýratynlyk Windows 95-den bäri bar bolsa-da, Windows 11-iň ilkinji wersiýalarynda diňe ekranyň aşagynda berkidilipdi...

09.02.2026 15:19
1.5k+

Windows 11 printerleriň köne modellerini goldamagyny bes etdi

​Ýanwar aýynda Microsoft kompaniýasy Windows 11 üçin täzelenme çykardy. Bu täzelenme bilen printerleriň könelen V3 we V4 wersiýaly draýwerleriniň goldawy bes edildi. Täzelenme tapgyrma-tapgyr ýaýradylýar we wagtyň geçmegi bilen ähli goldanylýan kompýuterlere gurlar...

08.02.2026 21:15
893

Windows-yň täze wersiýasynda Copilot çat-boty gurnama işleri tamamlanmanka peýda bolýar

Copilot emeli aň ulgamy indi Windows-a şeýle bir çuňňur ornaşdyryldy welin, hatda operasion ulgamy gurnamak prosesi (OOBE) doly tamamlanmanka-da çat-bot bilen söhbetdeş bolup bolýar. Bu gyzykly aýratynlyga inžener Rafael Riwera üns berdi we Windows-y täzeden gurnamak wagtynda alan ekran suratlaryny paýlaşdy...