Erjeller okuw merkezi kompýuter, programmirleme we robototehnika okuwlaryna çagyrýar

  • 08.09.2024 19:38
  • 5.5k+

“Kämil Bilim” okuw merkeziniň Erjeller” kompýuter bölümi kompýuter, programmirleme, robot tehnikalary bilen gyzyklanýan 6 ýaşdan ýokary bolanlary okuwlara ýazylmaga çagyrýar.

Okuw merkezinde şu ugurlar hödürlenýär:
Algoritm we scratch kurslary
Munda 6-12 ýaşdaky çagalar logiki pikirlenmäni, dürli görnüşli kognitiw meseleleri çözmegi hem-de birnäçe ädim öňünden meýilleşdirmegi öwrenip biler. 
Kompýuter başlangyçlary
Bu kursda diňe bir okuwçylar ýa talyplar däl, eýsem, islendik adam Microsoft Word, Excel we Power Point ýaly ofis programmalaryny öwrenip bilerler. Şeýle hem buhgalteriýanyň başlangyçlary, dokumentleri döretmek we olara şekil bermek ýaly proffesional durmuşda bilmek zerur bolan bilimler öwrediler.

3D we Grafiki dizaýn kurslary
Bu kursda diňleýjiler 2 we 3 ölçegli dizaýnlary Adobe Photoshop, SketchUp we AutoCAD ýaly programmalar arkaly döretmegi öwrenerler. Şeýle hem diňleýjiler suratlary döredip, olary Adobe Photoshop arkaly üýtgetmegi başararlar. 3D kurslarda bolsa 3d modelleri döretmek, proýektirlemek ýaly başarnyklar öwrediler.
Programmirleme kurslary
Programmirleme kursunda okuwçylar C++ dili bilen giriş edip, soňra Flutter platformasyny öwrenerler. Bu kursda okuwçylar kiçi göwrümli programmalardan biziň gündelik durmuşymyzda ulanylýan çylşyrymly programmalarymyza çenli döretmegi öwrenerler.

Robototehnika kurslary
Bu kursda çagalar elektronika, programmirleme we mehanika ýaly üç hünäriň eýeleri bolarlar. Olar ýönekeýje robotlardam başlap has çylşyrymly görnüşleri ýasamagy öwrenerler. Öz ukyp-başarnyklary bilen halkara ýaryşlaryna gatnaşmaga mümkinçilik alarlar.

Habarlaşmak üçin:
722534
362495
Mäti Kösäýew ad. köç. (MOPRA, Köpetdag stadiony)


12.05.2026 15:08
4.1k+

«Birlik» platformasy araçysyz söwda etmegiň aňsat usulyny hödürleýär: özem mugtuna

Biziň döwrümizde söwdanyň netijeliligi gönüden-göni karar kabul edişiň tizligine baglanýar. Emma marketlere, toý mekanlaryna öz tekjelerini doldurmak üçin, üpjün edijilere bolsa harydy ýerlemek üçin elmydama......

12.05.2026 13:52
4.1k+

«Bereketli Döwür» Italiýada, Kanadada we Rumyniýada okamak isleýänlere ýardam berýär

Daşary ýurtda bilim almak – elýetmez arzuw däl. Emma uly abraýly, dünýä belli uniwersitetlere okuwa girmek dalaşgärler üçin henizem çylşyrymly bir zat bolup görünýär. «Bereketli Döwür Education & Consulting»......

11.05.2026 21:10
4.2k+

«KompleMet» markaly dökünler Türkmenistanyň bazarynda gerimini giňeldýär

«KompleMet» markasynyň organiki-mineral dökünleri Türkmenistanyň bazarynda gerimini giňeldýär....

11.05.2026 09:43
9.6k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty: maý aýy bizi tomusa taýýarlaýar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....