Türkmen klublary üçin AFK ygtyýarnamalarynyň talaplary ýeňilleşdirildi

  • 09.09.2024 13:38
  • 4k+

AFK türkmen klublary üçin halkara ýaryşlaryna gatnaşmaga ygtyýarnamalaryň talaplaryny ýeňilleşdirdi.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň habar bermegine görä, 1-nji oktýabrda AFK-nyň ýaryşlarynyň 2025/26-njy ýyllardaky möwsümi üçin toparlara ygtyýarnama berlip başlanar. Şonuň üçin hem, Federasiýa ýerli klublary 2025-nji ýylda Türkmenistanyň Ýokary ligasyna we AFK-nyň ýaryşlaryna gatnaşmak üçin degişli ygtyýarnamalary almaga çagyrýar.
Öňümizdäki möwsümden başlap, Türkmenistanyň çempionatynyň Ýokary ligasynda çykyş etmäge ygtyýarnama almak üçin bildirilýän talaplar awtomatiki ýagdaýda AFK-nyň Çagyryş ligasy üçin hem degişli bolar. Şeýlelikde, 2025-nji ýylyň futbol möwsüminde Ýokary ligada gowy netije görkezen her bir topar goşmaça ygtyýarnama almasyzdan, AFK-nyň Çagyryş ligasyna hem gatnaşyp biler. 
Häzirki wagtda Türkmenistanyň klublaýyn reýtingdäki orny AFK-nyň ikinji derejeli çempionlar ligasy bilen AFK-nyň Çagyryş ligasynyň her haýsyna bir topary ýollamaga mümkinçilik berýär. 
Has ýokary derejeli yklym ýaryşlaryna gatnaşmak üçin (ACL Elite we ACL Two) klublar aýratyn ygtyýarnamany almaly bolarlar.


şu gün 10:24
3.2k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
2.6k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

düýn 15:52
7.9k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
5.1k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......