Baha we öndürijilik gatnaşygy boýunça reýtingde Redmi Turbo 3 we K70 Ultra öňdebaryjy boldular

  • 07.09.2024 21:36
  • 9.5k+

AnTuTu hünärmenleri 2024-nji ýylyň awgust aýynyň iň gowy baha we öndürijilik gatnaşygy boýunça smartfonlaryň täzelenen reýtingini çap etdiler. Redmi modelleri, iň ýakyn bäsdeşlerinden ep-esli öňe geçip, baha kategoriýalarynda öňdebaryjy boldular.

1000-den 2000 ýuana çenli (140-dan 280 dollara çenli) baha segmentinde Redmi Turbo 3 (Snapdragon 8s Gen3) 1-nji ýeri eýeledi. Ikinji orny Redmi K70E (Dimensity 8300-Ultra), üçünji orny bolsa OnePlus Ace 3V (Snapdragon 7+ Gen3) eýeledi.
Dimensity 9300+ bilen üpjün edilen Redmi K70 Ultra, Redmi K70 Pro-dan (Snapdragon 8 Gen 3) we iQOO Neo8 Pro-dan (Dimensity 9200+) öňe geçip, 280 dollardan 420 dollar kategoriýada iň gowy smartfon diýlip, ykrar edildi.
Has ýokary nyrh kategoriýalarynda öňdeçiligi OnePlus Ace 3 Pro we Red Magic 9 smartfonlary eýeleýär.
ZTE Yuanhang 41 5G, 140 dollardan başlaýan segmentde birinji ýeri eýeledi.


22.02.2026 01:33
3.9k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.5k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.3k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...