YouTube-daky wideo iPhone-nyň dinamiklerinden suwy aýyrmaga kömek edýär. Bu hakykatmy?

  • 06.09.2024 15:42
  • 9.5k+

YouTube-da kesgitli bir sesiň iPhone-niň dinamiklerinden (kolonkalaryndan) suwy aýryp biljekdigi baradaky wideo ýaýrady. Wideo 45 million gezek tomaşa edildi we bu usulyň netijeliligi barada jedeller gyzyşdy. The Verge-iň tehnologiýa synçysy Dewid Pirs ýegeni telefonyny derýa gaçyranyndan soň bu usuly barlap görmek kararyna geldi.

Öýde enjamy guradandan soň, Pirs "Sound To Remove Water From Phone Speaker (GUARANTEED)" diýip atlandyrylan wideony açdy we iPhone-yň ýene-de kadaly işläp başlandygyny gördi. Şeýle-de bolsa, munuň tötänlik hem bolup biljekdigini göz öňünde tutup, düşündiriş üçin Apple-e ýüz tutdy. Apple Watch-da suwy aýyrmak üçin şuňa meňzeş usulyň ulanylýandygyna garamazdan, Apple bu barada düşündiriş bermekden saklandy. Biraz soň Bose kompaniýasynyň bilermenleri belent sesli pes ýygylyklaryň hakykatdanam dinamiklerden suwy aýryp biljekdigini tassykladylar.
Goşmaça, iFixit-iň hünärmeni, iPhone 13-i hem goşmak bilen, dört smartfonda synag geçirdi. Sesiň dinamiklerden suw damjalaryny çykaryşyny wideo ýazga geçirdi. Bu usul täsirli bolup çykdy, ýöne onuň kömegi bilen telefonyň beýleki böleklerinden däl-de, diňe dinamiklerden çyglylygy aýryp bolýar.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...