Ikinji jahan urşy sebäpli okuwyny kesmeli bolan amerikaly aýal 99 ýaşynda orta bilim hakynda şahadatnama aldy

  • 07.09.2024 17:11
  • 21k+

ABŞ-nyň Ogaýo ştatyndan 99 ýaşly Jorjiýa MakGarri orta bilim hakynda şahadatnamasyny aldy. Jorjiýa Ikinji jahan urşy döwründe maşgalasynyň maddy kynçylygy sebäpli, 11-nji synpda mekdebi taşlamaga mejbur boldy diýip, WTOV9 (Fox-uň şahamçasy) telekanaly habar berýär.

1944-nji ýyla çenli Jorjiýa Wudswilddäki mekdebe gatnady. Ol okuwyny taşlap, dermanhana işe girmeli boldy we durmuş guranyndan soň tam süpüriji bolup işledi.
Jorjiýa köp ýyllaryň dowamynda orta bilim hakyndaky şahadatnamany almagyň arzuwyny edipdi. Ol bu islegini jorasy Mari Adams bilen paýlaşdy. Mari bolsa Jorjiýanyň öňki synpdaşy we ýerli mekdep müdiri Fil Akerman bilen habarlaşyp, Jorjiýa üçin ýörite gutardyş dabarasyny gurnadylar.
Mari Jorjiýany adaty bir nahara çagyrdy, ýöne ol ýerde oňa garaşylmadyk bir sowgat taýynlanypdy. 99 ýaşly uçuryma gutardyş lybasy berlip, mekdep müdiri oňa dabaraly ýagdaýda şahadatnamany gowşurdy. Bu dabarada, adatça mekdep gutardyşynda açylýan aýdym-sazlar goýberildi.
Orta bilim hakynda şahadatnamanyň berlen senesi 1944-nji ýylyň 19-njy maýynda - Jorjiýanyň mekdebi gutarmaly güni hökmünde görkezildi. Uçurym, köpden bäri garaşan pursady üçin dostlaryna we maşgalasyna minnetdarlyk bildirdi.


düýn 23:56
1.3k+

Ak tam daşary ýurtlulara gaçybatalga bermegiň doly bes edilýändigini mälim etdi

ABŞ-nyň administrasiýasy daşary ýurt raýatlaryna gaçybatalga bermegini bütinleý bes edýändigini yglan etdi. Bu barada geçirilen brifingde Ak tamyň işgärler apparatynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Stiwen Miller......

25.06.2026 14:47
5.1k+

ABŞ-nda Nýu-Ýorky tupanlardan we suw joşgunlaryndan gorajak 10 kilometrlik taslama taýýarlanylýar

ABŞ-nyň Goşunynyň inženerler bölegi Nýu-Ýork şäherini güýçli şumal tolkunlaryndan we suw joşmalaryndan gorajak ägirt uly ulgamyň taslamasyny hödürledi. Bu taslamanyň esasy bölegi Rokhaweý ýarym adasy bilen......

22.06.2026 00:57
5.6k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

19.06.2026 19:53
2.4k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......