ABŞ-da köprüler adatdan daşary howa şertleri sebäpli ýumrulmak howpunyň astynda

  • 05.09.2024 11:30
  • 10k+

ABŞ howanyň üýtgemegi netijesinde köpri infrastrukturasynda kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boldy. Köprüleriň dörtden bir bölegi 1960-njy ýyldan öň guruldy we abatlaýyş işlerine mätäç, ýöne adatdan daşary yssy we ýygy-ýygydan bolýan suw joşgunlary olaryň weýran bolmagyny çaltlaşdyrýar diýip, The New York Times ýazýar.

Kolorado uniwersitetinden professor Pol Çinowski adatdan daşary howa şertleriniň köprüleriň durnuklylygyna howp salýandygyny duýdurýar. Aýowada suwuň güýjüne eýýäm demirýol köprüsi ýykyldy, Men ştatynda bolsa köpri ýanýodanyň aşak çökmegi sebäpli ýapyldy.

“Biz şeýle hadysalary şeýle tizlik bilen hiç haçan görmändik” – diýip, Çinowski aýtdy.

Ulag ministri Pit Buttijiç köp köpriniň onlarça ýyl mundan ozal taslamalaşdyrylandygyny hem gurlandygyny we täzelenmäni talap edýändigini belledi.
Plos One žurnalyndaky gözlege görä, adatdan daşary temperaturalar 2040-njy ýyla çenli köprüleri köpçülikleýin abatlaýyş işlerine, 2050-nji ýyla çenli bolsa ABŞ-da her dördünji polat köpriniň ýumrulmagyna getirip biler.


şu gün 00:57
2.4k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

19.06.2026 19:53
2.2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

18.06.2026 09:51
2.8k+

ÝUNISEF: Bir milliarddan gowrak çaga howa şertleriniň howpuny başdan geçirýär

Tutuş dünýäde bir milliarddan gowrak çaga birbada yssy howanyň, guraklygyň, suw joşgunlarynyň, tupanlaryň we tokaý ýangynlarynyň netijelerine duçar bolýar. Bu barada  ÝUNISEF-iň beýannamasyna salgylanýan The......

17.06.2026 11:21
3.8k+

Tehasda howadan suw ýygnaýan kurtka oýlap tapdylar

Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň inženerleri howadan çyglylygy ýygnap, ony içmäge ýaramly suwa öwrüp bilýän ýörite dokumadan ýasalan kurtkany işläp taýýarladylar. Howa şertlerine baglylykda, bu enjam......