MacRumors: iPhone 16-nyň anonsyndan soň iPhone 15 Pro we birnäçe gurluş satuwdan aýrylar

  • 05.09.2024 11:27
  • 3.5k+

Apple täze iPhone 16 modelleriniň anonsyndan soň 10-dan gowrak gurluşy satuwdan aýrar diýip, MacRumors ýazýar. Kompaniýa, adatça, dükan tekjelerinden köne modelleri aýyrmak bilen öz assortimentini täzeleýär.

Bazardan aýryljak ilkinji gurluşlaryň arasynda iPhone 15 Pro we 15 Pro Max bar, bu modelleriň ornuny täze iPhone 16 Pro we 16 Pro Max eýelär. Şeýle-de, iPhone 14 Plus-yň satuwy bes ediler, satuwda diňe iPhone 14 galar.
Apple kompaniýanyň resmi dükanlarynda elýeterli modellerden iň könesi bolan iPhone 13-üň önümçiligini-de bes eder. Täze iPad mini-niň hem satuwdan aýryljak altynjy nesil modeliň ornuny çalyşmagyna garaşylýar.
Könelişen diýlip hasap ediljek beýleki gurluşlaryň arasynda Apple Watch 9, Watch Ultra 2, Watch SE 2, şeýle-de AirPods 2 we AirPods 3 nauşnikleri bolar. Olaryň ornuny hem täze akylly gurluşlar we aksessuarlar eýelär.


19.05.2026 09:37
4.5k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

17.05.2026 09:49
2.4k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

14.05.2026 12:04
2.8k+

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....

03.05.2026 16:10
3.1k+

Apple-iň girdejisi rekord derejä ýetdi: iPhone 17-ä bolan isleg garaşylandan hem ýokary boldy

Apple kompaniýasy mart aýynda tamamlanan çärýek üçin rekord maliýe netijelerini yglan etdi. Bu üstünligiň esasy sebäbi täze iPhone 17 modellerine bolan çenden aşa ýokary isleg boldy....