Aziýa ösüş banky Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygynyň täze strategiýasyny yglan etdi

  • 04.09.2024 16:31
  • 7.3k+

Aziýa ösüş banky 2024-2028-nji ýyllar üçin Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygynyň täze strategiýasyny işe girizýändigini yglan etdi. Bu strategiýa - hereketlendiriji güýji innowasion hususy telekeçilik bolan bäsdeşlige ukyply, diwersifisirlenen we ylmy bilimlere esaslanýan ykdysadyýete gönükdirilendir diýip, Orient bankyň sebitleýin edarasyna salgylanyp habar berýär.

Täze strategiýanyň çäklerinde Aziýa ösüş bankynyň işi ileri tutulýan strategiki ugurlaryň üçüsine gönükdiriler:

  • howa şertlerine durnukly “ýaşyl” ykdysadyýete geçmekde ýardam bermek;
  • hususy telekeçilige we adam maýasyna üns çekmek bilen diwersifikasiýa arkaly ykdysady bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrmak;
  • düzümleýin özgerişlere we institusional ösüşe ýardam bermek.

“Aziýa ösüş bankynyň Türkmenistan bilen öňden gelýän hyzmatdaşlygy bar we täze strategiýa ýurduň ösüşine biziň berk ygrarlylygymyzy tassyklaýar" - diýip, Merkezi we Günbatar Aziýa boýunça AÖB-nyň Baş direktory Ýewgeniý Žukow belledi.

Täze strategiýa ýurduň “ýaşyl” ykdysadyýete geçişini, şol sanda energiýa netijeliligine, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerine maýa goýumlaryny hem-de uglerod zyňyndylarynyň pes derejeli synag taslamalaryny we syýasy özgerişleri öz içine alar. Bank ýurdumyzyň howanyň üýtgemegine garşy göreşmek maksatlaryna laýyklykda kömürturşy gazlary we metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça uzakmöhletleýin meýilleri işläp taýýarlamakda Türkmenistana ýardam etmegi dowam etdirer.

“Aziýa ösüş banky Türkmenistanyň ösüş bileleşiginde işjeň hyzmatdaşy bolup çykyş edýändigine buýsanýar. Bu hyzmatdaşlyk strategiýasynyň çäklerinde innowasion taslamalar we tehniki kömek arkaly Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygymyzy giňeltmäge we pugtalandyrmaga ynam bildirýäris" - diýip AÖB-nyň Türkmenistandaky sebitleýin direktory Artur Andrisýak belledi.


şu gün 16:02
302

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
3.8k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......