Kristina Bersenýowa Türkmenistanyň futbol çempionatynyň taryhynda ilkinji zenan emin bolar

  • 04.09.2024 15:22
  • 18k+

Kristina Bersenýowa ilkinji zenan emin hökmünde türkmen futbolynyň taryhyna girer. Ol Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 4-nji aýlawyndan başlap, ätiýaçdaky emin hökmünde duşuşyklara gatnaşyp başlar diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynda habar berdiler.

Kristina Bersenýowa milli çempionatymyzyň 21-nji tapgyryndaky "Ahal"-"Merw" duşuşygyna ätiýaçdaky emin Mergen Allaberdiýewiň kömekçisi hökmünde eýýäm bu işe gadam goýdy. Dördünji aýlawdan başlap bolsa, ol bu wezipäni özbaşdak ýerine ýetirmäge girişer. 
K.Bersenýowa Türkmenistanyň zenanlar futbol we futzal ýygyndylarynyň ozalky agzasy. F
utbol dünýäsine 14 ýaşynda Mary welaýatynda gadam goýdy. Onuň ilkinji tälimçisi Baýramow Myrat Garlyýewiçdir. Dürli sebäpler bilen futbola bäş ýyllap arakesme beren geljekki emin 2018-nji ýylda Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysynyň baş tälimçisi Kamil Mingazowyň tagallasy bilen ýene-de gaýdyp geldi. Şondan bäri hem ol Türkmenistanyň futbol we futzal zenanlar ýygyndylarynyň düzüminde abraýly halkara ýaryşlarynyň birnäçesine gatnaşdy.
Kristina Bersenýowa eýýäm 2 ýyldan bäri futbol eminligine taýýarlanyp gelýär. Ol şu ýyl eminler üçin geçirilýän ýörite synaglary üstünlikli tabşyrdy.
32 ýaşly emin şeýle hem çagalaryň arasynda geçirilýän birinjiliklerde we zenanlaryň arasyndaky Türkmenistanyň çempionatynda ençeme gezek kömekçi emin bolup işledi.


şu gün 15:52
4.8k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

düýn 23:46
4.4k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......

düýn 23:02
3.6k+

Alibaba bilen hyzmatdaşlyk UEFA-nyň hemaýatkärlik girdejilerini ýylda 1 milliard ýewro çenli ýokarlandyrar

Ýewropa futbol assosiasiýalarynyň bileleşigi (UEFA) Hytaýyň Alibaba Group tehnologiýa holdingi bilen maksatnamalaýyn ylalaşyga gol çekdi. 2033-nji ýyla çenli möhletli bu şertnama guramanyň ýyllyk hemaýatkärlik......

düýn 00:17
9.2k+

«Barselona» «Realyň» prezidenti Florentino Peresi kazyýete berdi

«Barselona» futbol kluby Madridiň «Real» toparynyň prezidenti Florentino Peresiň üstünden kazyýete şikaýat etdi. Kataloniýanyň kluby madridli telekeçiniň kemsidiji we göwne degiji sözleri üçin jogap bermegini......