Samsung meşhur Galaxy A we M14 5G üçin möhüm täzelenme çykardy

  • 04.09.2024 14:07
  • 5.5k+

Samsung meşhur Galaxy A we M modelleri üçin awgust aýynyň howpsuzlyk goşundysyny we başga-da birnäçe täzelenmeleri özünde jemleýän  möhüm täzelenmeleri çykardy diýip, Sammobile habar berýär.

M146BXXS6CXH1 belgisi bilen belgilenen täzelenme, Hindistanda, Nepalda, Şri-Lankada, Yrakda, Marokkoda, Saud Arabystanynda, Tunisde, Türkiýede we BAE-de Galaxy M14 5G smartfonlary üçin elýeterlidir. Bu täzelenme 50 töweregi gowşaklygy düzedýär we enjamyň umumy durnuklylygyny ýokarlandyrýar.
Şeýle hem A52xxXXU9GXH1 belgili täzelenmeler Aziýa ýurtlarynda Galaxy A52, A52s we A52 5G smartfonlary üçin elýeterlidir.
Galaxy A72 smartfony A725FXXU9FXH belgili täzelenme aldy, bu täzelenme hem enjamyň durnuklylygyny we ygtybarlylygyny ýokarlandyrýar.
Täzelenmeler howa arkaly paýlanyp, olary smartfon sazlamalary menýusy arkaly göçürip bolýar.


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...