Xiaomi 120 dollara açyk dizaýnly we özboluşly häsiýetnamasy bolan Redmi 14C-i hödürledi

  • 03.09.2024 02:33
  • 5.8k+

Xiaomi täze, elýeter bahaly Redmi 14C-i smartfonyny hödürledi, ony eýýäm 120 dollardan satyn alyp bolýar. Bu model geçen ýylky Redmi 13C-iň ornuny tutup, birnäçe kämilleşmelere eýe boldy diýip, IXBT ýazýar.

Redmi 14C-iň 1640 x 720 piksel durulygy we 120 Hz kadr tizligi bolan 6.88 dýuýmlyk displeýi bar. Maglumatlary gaýtadan işlemek üçin MediaTek Helio G81 prosessory ulanylýar. 50 MP esasy kamera we 13 MP öň kamera surata ýokary hilli düşmäge jogapkärdir.
Smartfon 18 Wt çalt zarýad bermek üçin kuwwatly 5150 mAh batareýany aldy.
Şeýle-de, Redmi 14C-de gapdal oturdylan barmak yz skaneri, USB Type-C porty, gulaklyklar üçin 3,5 mm-lik deşik, iki SIM karta üçin ýer we NFC moduly (sebite baglylykda) bar. 4G LTE-i, FM radio-ny, Bluetooth 5.4-i, Wi-Fi-y (2,4 we 5 GGs), GPS / GLONASS / Galileo / Beidou-ny goldaýar. Programma üpjünçiligine Xiaomi HyperOS esas boldy.
Redmi 14C dört reňkde elýeter: gara, benewşe, ýaşyl we ýyldyz gök. Ulanyjylar ýadyň 4/128 GB, 4/256 GB, 6/128 GB ýa-da 8/256 GB görnüşlerini saýlap bilerler.


22.02.2026 01:33
3.9k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.5k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.3k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...